Press reliz

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara güni 2021

20 sentýabr 2021

  • #Diňe bilelikde… Planetany halas edip bileris – #BTPgüni

Onlaýn wideo bäsleşigi

BTP soragnamasynyň jogaplaryny dolduryň

13-nji oktýabr - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmeginiň medeniýetini öňe sürdürmek üçin betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara güni hökmünde bellendi. Halkara güni, 2015-nji ýylyň mart aýynda Ýaponiýada geçirilen BMG-nyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Üçünji Bütindünýä konferensiýasynda kabul edilen 2015-2030-njy ýyllardaky betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sendai Çarçuwasyna laýyklykda betbagtçylyk töwekgelçiligini we adamlarda, durmuşda we saglykdaky ýitgileri azaltmak boýunça öňegidişlikleri ykrar etmek üçin bir pursatdyr.

2016-njy ýylda BMG-nyň Baş sekretary ýedi ýylyň dowamynda ýedi maksatlary öňe sürmek üçin “Sendai Ýedi kampaniýasyny” başlady. 2021-nji ýylyň “F” maksady: “2030-njy ýyla çenli Sendai Çarçuwasyny durmuşa geçirmek üçin milli hereketlerini ýeterli we yzygiderli goldaw arkaly ösýän ýurtlar bilen ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygyny ep-esli ýokarlandyrmak”.  

Günüň esasy maksady, betbagtçylyklaryň adamlaryň durmuşyna we abadançylygyna edýän täsirine ünsi jemlemek bilen, bu ýylyn mowzugy, betbagtçylyklara sezewar bolan sebitlerde ýaşaýan adamlaryň durmuşyna täsir edýän halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy tejribesini we mysallaryny görkezmekden ybarat, meselem howa hadysalary, epidemiýalar we pandemiýalar, ýer titremeler, daşky gurşaw betbagtçylyklary we tehnologiki betbagtçylyklar ýaly adam tarapyndan döredilen we tebigy howplaryň täsirine sezewar bolan adamlaryň sanyny azaltmak.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça halkara gününe bagyşlanyp, BMG-nyň Betbagtçylyklaryň Töwekgelçiligini Peseltmek boýunça işleýän bölümi, Onlaýn wideo bäsleşigini yglan edýär we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek barada habardarlylygy ýokarlandyrmagyna goşant goşjak BTP soragnamasynydoldurulmagyny haýyş edýär. Gatnaşýanlar BTP soragnamasyna jogaplaryny aşakdaky linke tabşyrmaly - https://forms.office.com/r/ECwCKmBjdY

Gatnaşýanlar öz zehinini görkezmäge we işini tabşyrmak bilen betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak barada habardarlygy ýokarlandyryp, jemgyýetiniň howpsuzlygyna goşant goşmaga mümkinçiligi bar. Bäsleşigiň şertlerini aşakda okap bilersiňiz.

Format

Wideoda gatnaşyjylar aşakdaky sözlemi dowam etmeli –

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek  ______________________________________________

Soňra aşakdaky sözlemi aýdyň # Diňe bilelikde ... Planetany halas edip bileris –

Wideolaryň dowamlylygy bir minut bolmaly

Gatnaşmagyň talaplary:

Döredijilik ukyby bolan islendik adam bäsleşige gatnaşyp biler.

Ibermek üçin:

Materiallar elektron görnüşinde ogulgerek.annayeva@un.org adresyna tabşyrylmaly ýa-da Türkmenistanyň Arçabil köçesiniň 21-nji jaýy, BMG iberilmeli. Gatnaşanlar tabşyrylan materialyň hilini üpjün etmek üçin jogapkärçilik çekýärler. Kemsidiji materiallar derrew ýatyrylar.

Iberilen material - awtorlyk hukugy bilen goralan bolsa ibermek bolmaýar.

Gatnaşanlar, tabşyrylan materialyň üçünji tarapyň ýa-da awtorlyk hukugynyň bozulmaýandygyny tassyklamaly we kepillendirmeli. Eger intellektual eýeçiligi bozulan ýagdaýda BMG jogapkärçilik çekmeýär.

Saýlanan gatnaşyjylar:

Bäsleşik, 2021-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda agşam sagat 23: 59-da ýapylýar (Aşgabat wagty), saýlama materiallar aýdyňlygyna, düzümine we umumy Bäsleşigiň mowzugyny görkezişine görä baha beriler. BMG baha bermek üçin adam bellär.

Saýlananlar 2021-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda yglan ediler we ýeňijä elektron poçta arkaly habar berler.

Hukuklar we eýeçilik:

Gatnaşanlar, ýeňiji bolmasa-da öz materiallaryny tabşyrmak bilen, çap etmek ýa-da elektron görnüşinde neşir etmek, uýgunlaşdyrmak, paýlamak, göçürmek, görkezmek ýa-da terjime etmek hukugyny mugt bermäge razylyk berýärler.

Baýrak:

Saýlanan gatnaşyjy BMG şahadatnamasyny alar, BMG öýünde betbagtçylyk töwekgelçiligini peseltmegine bagyşlanan çärelere çagyrylar we ýeňijileriň işi ýokarda aýdylyşy ýaly BMG materiallary üçin ulanylar.

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Ogulgerek Annayeva

Utgaşdyryjy

ogulgerek.annayeva@un.org

Tel: (993-12) 488325 (117) Fax: (993-12) 488311

United Nations Office for Disaster Risk Reduction (UNDRR)

c/o United Nations Resident Coordinator Office (UNRCO)

UN House, 21 Archabil St. Ashgabat, Turkmenistan. 744036

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz