Press reliz

“Çagam bilen” atly çäreler möwsümine Türkmenistanyň ähli ýerlerinden ene-atalar gatnaşýarlar

30 awgust 2021

  • Türkmenistanyň ähli ýerlerinden ene-atalar COVID-19 pandemiýasy döwründe çagalar hakynda aladanyň wajyplygyny görkezmek üçin “Çagam bilen” atly sosial media çäreler möwsümine gatnaşýarlar

2021-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynyň dowamynda, bir aýlap, UNICEF TurkmenistanInstagram sahypasynyň agzalary çagalar hakyndaky aladanyň wajyplygyny görkezmek we soraglary, hususan-da, ene-atalaryň çagalary bilen geçirýän çäreleri we oýnaýan oýunlary hakynda soraglary bermek üçin sanly aragatnaşyk arkaly çäreler möwsümine işjeň gatnaşdylar. Bu çäreler möwsümi ýaş ene-atalaryň dürli oýunlary oýnamak we COVID-19 pandemiýasy döwründe çaganyň ösüşi üçin sagdyn we hoşniýetli gurşawy döretmek arkaly öz çagalary bilen wagtlaryny has peýdaly geçirmäge ruhlandyrmak babatda ÝUNISEF-ň tagallalaryny goldamaga gönükdirildi.    

Sosial mediadan peýdalanýanlary özleriniň çagalary bilen geçirýän çäreleri hakynda suratlary we wideolary ähli gatnaşyjylar üçin baglaýyjy merkez bolup durýan ÝUNISEF-ň Instagram sapyhasyna  goýmaga höweslendirdiler. Türkmenistanyň ähli ýerlerinden 65 gowrak sosial mediadan peýdalanýanlar bu çäreler möwsümine gatnaşdy. Kakalar hem öz habarlaryny paýlaşdylar we çäreler möwsümine gatnaşdylar. Bu beýleki kakalara hem çagalar bieln irki döwürden öwrediji oýunlary oýnamagyň zerurlygyny görkezmäge görelde bolup hyzmat etdi.   

“Men gyzlarym bilen tans edýän pursatlarymyz we wagtymyzy bilelikde hoş geçirýänligimiz hakyndaky wideony paýlaşanlygyma şat. Maňa beýleki ene-atalaryň  çagalarynyň ösüşine nähili ähmiýet berýänligini synlamak hem örän gyzykly boldy,” - diýip bu çäreler möwsümine gatnaşanlaryň biri, üçemleriň ýaş enesi Jennet aýtdy.

“Ene-ata bolmak – bu dünýäde iň wajyp wezipeleriň biridir. COVID-19 pandemiýasy çagalarymyz bilen wagtymyzy has-da köp geçirmäge we olar bilen pikirleniş we akyl ýetiriş endikleri ösdüriji oýunlary oýnamaga mümkinçilik döretdi. Çagalar hakynda alada üçin yzygiderli wagt sarp etmek wajypdyr. Biz çäreler möwsüme gatnaşandyklary we çagalaryň jadyly dünýäsine gapylaryny açandyklary üçin Türkmenistanyň ähli ýerlerinden gatnaşan ýaş ene-atalara we Instagram sahypasynyň agzalaryna öz hoşallygymyzy bildirýäris,” - diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea aýtdy.

Bu ÝUNISEF-iň Türkmenistanda geçirýän şeýle uly möçberli sosial media möwsüminiň ilkinjisidir. Bu çäreler möwsümi 27 gün dowam etdi we bu döwürde Instagram sahypasyny ulanma öňki aý bilen deňeşdirende 60 göretim ýokarlandy. Bu bolsa ýaş ene-atalaryň öz çagalary bilen Türkmenistanda öý şertlerinde we sanly aragatnaşyk arkaly has işjeň gatnaşykdadygyny aýdyň görkezýär. 

Mahriban Seytliyeva Project Assistant WHO Turkmenistan

Mähriban Mullabaýewa

UNICEF
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz