Press reliz

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara güni 2021

20 oktýabr 2021

  • #Diňe bilelikde… Betbagtçylyklaryň öňüni almak adamlary halas edýär - #BTAgüni

     

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 13-nji oktýabry bütin dünýäde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda çäreleri güýçlendirmek üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak güni hökmünde yglan etdi. Bu mart aýynda Ýaponiýada geçirilen BMG-niň Tebigy betbagtçylyklary azaltmak boýunça Üçünji Bütindünýä maslahatynda kabul edilen 2015-2030-njy ýyllar üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyna laýyklykda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini we ölümleri azaltmakda, adamlaryň ýaşaýyş şertlerini we saglygyny ýokarlandyrmakda öňegidişlikleri ykrar etmek üçin bir mümkinçilikldir.

2016-njy ýylda BMG-niň Baş sekretary ýedi ýylyň dowamynda ýedi sany maksadyň her birini öňe sürmek üçin “Sendaý ýedi kampaniýasyny” başlady. 2021-nji ýylyň maksady: “2030-njy ýyla çenli çarçuwaly maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen milli hereketleriniň üstüni doldurmak üçin ýeterlik we yzygiderli goldaw bermek arkaly ösýän ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakdyr”.

Bu günüň esasy maksady betbagtçylyklaryň adamlaryň durmuşyna we abadançylygyna ýetirýän täsirine ünsi jemlemekdir. Bu ýyl bu günüň mowzugy dünýäde betbagtçylyklara ýakyn bolan sebitlerinde ýaşaýan adamlaryň durmuşyna oňyn täsir edýän, ýagny, adam tarapyndan döredilen we tebigy howplardan, şol sanda howanyň hadysalaryndan, epidemiýalardan we pandemiýalardan, ýer titremelerden, daşky gurşaw betbagtçylyklaryndan we tehnologiki betbagtçylyklardan ejir çekýänleriň sanyny azaldýan öňdebaryjy tejribäni we halkara hyzmatdaşlygynyň mysallaryny nygtamakdyr

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara gününe bagyşlap, BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça guramasy onlaýn wideo bäsleşigini yglan etdi we Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça soragnamany doldurmagy sorady, bu bolsa ýerli derejede betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak barada habardarlygy has hem ýokarlandyrmaga goşant goşdy.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça soragnamany 200 adam doldurdy, şeýle hem birnäçe wideolar iberildi.

Türkmenistanda geçirilen onlaýn bäsleşigiň ýeňijileri:

Şukurgeldi Myradow

Nurjahan Meredowa

Jeýran Babajanowa

Ahmed Babakulyýew

Meňli Täşliýewa

Iýera Askerowa

Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça halkara gününde Baş sekretaryň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ýörite wekili we BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça guramasynyň başlygy Mami Mizutori “Diňe bilelikde biz howpsuz we has durnukly planetany döretmek üçin hakyky ösüşi gazanyp bileris" – diýip aýtdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz