Dürli uniwersitetleriň we mekdepleriň mugallymlary we işgärleri, şeýle hem Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň we Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Türkmenistanda “Adalat üçin bilim” (E4J) başlangyjy barada pikir alyşmak üçin ýygnandylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we USAID-yň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly maksatnamasy ýaşlara jenaýat, adalat we kanunyň hökmürowanlygy bilen baglanyşykly käbir möhüm meseleleri giňişleýin öwrenmek üçin birnäçe okuw gurallaryny hödürlemek üçin ýygnak geçirildiler.
"Hiç kimi yzda galdyrman, hemmeler üçin howpsuz we abadan jemgyýeti döretmek üçin çagalyk döwründen başlap kanunyň hökmürowanlygyny öwretmek möhümdir" - diýip BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýada jenaýat adalaty maksatnamasynyň dolandyryjysy jenap Kun Markering aýtdy. "Biz Türkmenistanyň durmuş endiklerini ösdürmek, jenaýatyň öňüni almak we çagalaryň we ýaşlaryň arasynda durnuklylygy ösdürmek üçin bar bolan interaktiw okuw materiallary bilen gyzyklanmagyny goldaýarys."
Bu maslahat Bilim ministrliginiň we gatnaşyjy mugallymlaryň gyzyklanmalaryna esaslanyp, adam söwdasy we kiberjenaýatçylyk ýaly jenaýatlaryň aýratyn görnüşleri bilen baglanyşykly E4J gurallaryny öwrenmäge gönükdirildi. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň okuw işleri boýunça utgaşdyryjysy, hanym Indira Mukimowa, başlangyç we orta mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen işleşmek üçin bar bolan maglumatlara we usullara syn berdi.
"Biziň gurallarymyz interaktiw görnüşdedir we örän peýdalydyr", - diýip hanym Mukimowa belläp geçdi. "Olar tankydy pikirlenmäge, işjeň diňlemäge we açyk geplemäge, şeýle hem dogruçyllyk, hormat goýmak, adalat we gender deňligi ýaly kanunyň hökmürowanlygynyň esasy bolan aýratyn gymmatlyklary we esasy ýörelgeleri ösdürmäge ýardam edýär."
Bu ýygnak, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ilkinji gezek E4J başlangyjyny hödürlän 2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda geçirilen ýygnakdan soň geçirildi. Häzirki wagtda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji mekdebi ýaly degişli edaralaryň okuw meýilnamasyna E4J maglumatlarynyň terjime edilip, girizilmegi göz öňünde tutulýar.
“Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasynyň dolandyryjysy hanym Eleanor Walentaýnyň aýtmagyna görä: “Biz Türkmenistanyň ýaşlaryna kanunyň hökmürowanlygyny öwrenmek we terrorçylyk, adam söwdasy we beýleki jenaýatlar ýaly dünýä derejesindäki howplaryň öňüni almak üçin mümkinçilik döretjek bilim ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy hyzmatdaşlar we Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde alyp bararys diýip umyt edýäris. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we USAID-yň maksatnamasy bu meseleleri uniwersitetleriň we mekdepleriň okuw meýilnamalaryna girizmek üçin uzak möhletli we yzygiderli hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar."
Adalat üçin bilim (E4J) BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň bütindünýä başlangyjy bolup, jenaýatyň öňüni almaga we bilim arkaly kanunylyk medeniýetini ösdürmäge çalyşýar. Bu çäreler mugallymlara geljekki nesle kanunyň hökmürowanlygyny bozup biljek meselelere has gowy düşünmegi we bu meseleleriň çözgüdini tapmagy öwretmäge ýardam eder we okuwçylary öz jemgyýetleriniň durmuşyna we geljekde hünärlerine işjeň gatnaşmagyna höweslendirýär. E4J korrupsiýa, guramaçylykly jenaýat, adam söwdasy, migrantlaryň bikanun getirilmegi, terrorçylyk, kiberjenaýatçylyk, jenaýat adalaty we kiçi ýarag söwdasy ýaly BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň tabşyrygyna girýän tematiki ugurlarda esasy düşünjeleriň döremegine ýardam etmek üçin köp sanly interaktiw we innowasion gurallary ulanýar.