Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti bütindünýä pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmak ugrunda bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň gazananlaryna syn berýärler

26 oktýabr 2021

  • BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Türkmenistanda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek boýunça bilelikdäki iş topary Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde 9 aýyň içide gazanylan üstünlikleri gözden geçirmek üçin altynjy ýygnagyny geçirdi. 

Şeýle hem gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň ahyryna çenli ileri tutulýan ugurlar we 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlanandan soňra, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň meýilnamasynyň bäş ugry boýunça egindeş başlyklary 2021-nji ýylda Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan esasy netijeler barada hasabat berdiler, şeýle hem çäreler jetweline käbir üýtgeşmeleri we düzedişleri girizmegi teklip etdiler.

“Türkmenistanda BMG-niň bütindünýä pandemiýanyň täsirlerinden soň durnukly ýagdaýda dikelmäge, şeýle hem Meýilnamanyň we Durnukly Ösüş ugrunda 2021-2025 ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde DÖM-ny durmuşa geçirilmek üçin Türkmenistana goldaw bermegini dowam etdirjekdigini ýene bir gezek belläsim gelýär", - diýip BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko öz çykyşynda aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Milli meýilnamasynyň tassyklanan möhletinden daşgary hyzmatdaşlygy we amala aşyrylmaly işleri ara alyp maslahatlaşmaga we resmi taýdan hat alyşmak arkaly şertnamanyň ýerine ýetirilişini tamamlamak barada ylalaşyga geldiler. Şeýle hem, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli meýilnamany durmuşa geçirmegiň netijeleri boýunça alnan sapaklaryň derňewi bilen birlikde giňişleýin hasabat taýýarlamak barada ylalaşyga gelindi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz