Merkezi Aziýanyň raýat jemgyýeti guramalarynyň sebitleýin ýygnagy
10 dekabr 2021
- Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin bölümi we Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) wekilhanalary 10-njy dekabrda Merkezi Aziýanyň raýat jemgyýetiguramalary üçin sebitleýin ýygnagyny geçirdi.
Bu çäre her ýyl 10-njy dekabrda bellenilýän Bütindünýä adam hukuklary gününe gabat geldi.
Çäre Aşgabat, Bişkek, Oş, Duşanbe, Daşkent şäherleri bilen gönüden-göni baglanyşmakarkaly geçirildi we oňa BMG-niň Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň wekilleri, Merkezi Aziýada ÝB-niň wekiliýetleri, ýurtlaryň raýat jemgyýeti guramalary we adam hukuklary boýunça bilermenler gatnaşdy.
Şu ýyl Adam hukuklary güni deňsizligi azaltmaga bagyşlanýar we Adam hukuklary baradaky älhliumumy Jarnamanyň 1-nji maddasyna esaslanýar: "Ähli adamlar erkin hem-de mertebesi we hukuklary boýunça deň bolup dogulýarlar."
Deňlik we diskriminasiýa ýol bermezlik ýörelgeleri adam hukuklarynyň özenidir. Pandemiýadöwründe bu meseleler bütin dünýäde has hem möhüm boldy. 10-njy dekabrda geçirilen raýat jemgyýeti guramalarynyň ýygnagynyň maksady jemgyýetiň iň gowşak gatlaklaryna täsir edýän diskriminasiýanyň çuňňur ornaşan görnüşleriniň çözgütlerini tapmak boldy.
Gatnaşyjylar öz tejribeleri bilen paýlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýada we sebit derejesindedeňsizlik we diskriminasiýa ýaly meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça umumy ýörelgäni işläp düzdiler.
#AdamHukuklaryGüni