Çärä diplomatik toparyň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň, sebitleýin guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda ysraýyl maşgalalarynyň wekilleri we halk köpçüligi gatnaşdylar. Çäräniň maksady genosidiň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin geljekki nesillere Holokost pajygasy barada ýatlatmakdyr.
“Holokostyň pidalary barada taryhy we olar barada bilimi bütin dünýäde paýlaşmak 21-nji asyryň üçünji onýyllygynda derwaýysdyr. Bu wakanyň taryhyny ýazmak we ony ýatlamak, Holokostyň ýüze çykmagyna sebäp bolan jenaýatçylaryň ýok etmek islän adamlaryna mertebe we adalat getirýär"- diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
"Nesilleriň ol elhenç uruş, ýaşaýyş we ölüm, köpçülikleýin mazarlar hakynda ýatlamalary adamzadyň ýüreginden çykmaz we bu ýönekeý sözler däldir, bu sözler meniň ýüregimden çykýar" – diýip, Türkmenistanda ýaşaýan ysraýyl maşgalalarynyň wekili hanym Nelli Azriel aýtdy.
Bu maslahaty Zikaron BaSalon - “Myhman otagyndaky ýatlamalar” başlangyjynyň bütin dünýä boýunça direktory hanym Şaron Buenos alyp bardy.
Gatnaşan myhmanlar, şeýle çäreleriň Holokostyň weýrançylygyndan we wagşylygyndan soňky ýyllarda Holokostdan soň diri galanlaryň amala aşyran işlerine, şeýle hem taryhyny, medeni mirasyny we däp-dessurlaryny, hem-de mertebesini dikeltmek üçin gören çärelerine ünsi çekýändigini bellediler.
“Biz Holokostyň pidalarynyň we diri galanlaryň hiç haýsyny ýatdan çykarmaly däldiris. Antisemitizmiň ösýän we Holokosty inkär etmegiň giň ýaýran bir döwründe, 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Ysraýyl we Germaniýa BMG-niň Holokosty inkär etmek baradaky kararyny üstünlikli kabul etdiler. Holokostyň taryhy faktlaryny gorap saklamak biziň jogapkärçiligimizdir "- diýip, duşuşygyň ahyrynda Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Bet-Eden Kaýt aýtdy.