BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň “Adalat üçin bilim” başlangyjy mugallymlary, mekdep okuwçylaryny we talyplary kanunyň hökmürowanlygy boýunça meselelere çekýär
27 ýanwar 2022
Jenaýat, adalat we kanunyň hökmürowanlygy biziň durmuşymyzyň bir bölegidir we ol biziň gündelik durmuşymyza öz täsirini ýetirýär.
Bu meseleler barada özbaşdak öwrenmek mümkin bolsa-da, bu meseleleri, şol sanda häzirki döwrüň iň howply meselelerini mekdep şertlerinde ýaş çagalara öwretmek örän çylşyrymly mesele bolup durýar.
Bu meseläniň çözgüdi hökmünde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň “Adalat üçin bilim (E4J)” başlangyjy başlangyç, orta we üçünji dereje bilim alýan okuwçylar üçin jenaýat, adalat we kanunyň hökmürowanlygy ýaly ugurlar boýunça çäreleri ýola goýdular we olaryň bilim almaklary üçin çeşmeleri döretdiler. Mundan başga-da, mugallymlar üçin jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty, korrupsiýa garşy göreşmek, guramaçylykly jenaýat, adamlaryň, migrantlaryň, ýaraglaryň bikanun söwdasy, kiberjenaýatçylyk, ýabany tebigata degişlilikde jenaýat, terrorçylyga garşy göreşmek, şeýle hem dogruçyllyk we edep ýaly ugurlar boýunça umumy düşünjäni ýaýbaňlaşdyrmak üçin okuw çeşmeleri işlenip düzüldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi, bir orta mekdep we üç uniwersitet, şol sanda Türkmen Döwlet uniwersiteti bilen 2021-nji ýylyň tomsunda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň E4J okuw usulyýetini ulanmaga we bu dersleri olaryň okuw meýilnamalaryna girizmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ony durmuşa geçirmegi dowam etdirmek üçin BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi Winrock International, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy edarasy (UNOCT), BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) "Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy Global Strategiýasynyň IV-nji tapgyryny Merkezi Aziýada durmuşa geçirmek”(UNGCTS) taslamasy, USAID-iň "Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa" maksatnamasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdepleriniň we uniwersitetleriniň mugallymlary üçin birnäçe okuw kurslaryny açdy.
Bu çärede 30-dan gowrak mugallymlar ýaş nesilleri adam söwdasyna garşy göreşmek, terrorçylyga garşy göreşmek, kiberjenaýatçylyk ýaly meseleler bilen tanyşdyrmak boýunça bilim aldylar we başarnyklaryny ýokarlandyrdylar.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky Jenaýat Adalaty Maksatnamasynyň halkara dolandyrjysy jenap Koen Markering öz çykyşynda bilim çagalar we ýaşlar üçin geljekki nesilleriň gymmatlyklaryny kemala getirmekde, köpçülikleýin aňy döretmekde, jemgyýetçilik isleglerini üýtgetmekde we geljekki nesilleriň kanuna hormat goýmagy, düzgüniň ýörelgelerini öňe sürmek we jenaýatyň öňüni almak üçin zerur bolan başarnyklar bilen üpjün etmek arkaly möhüm orna eýedigini aýtdy.
Biziň “Adalat üçin bilim” başlangyjymyz, bu maksatlara ýetmek üçin iň täze we hemmetaraplaýyn bilim guralydyr, sebäbi jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty ýörelgelerini bilim ulgamyna girizmek jenaýatçylyga we zorluga garşy uzak möhletleýin çemeleşmeleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir," - diýip, jenap Markering aýtdy.
BMG-niň Terroçylyga garşy müdirliginiň sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Karina Timşina 2011-nji ýyldan bäri BMG-niň Terroçylyga garşy müdirligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitmerkezi Merkezi Aziýa ýurtlaryna terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy sebitleýin strategiýany - Bilelikdäki hereketler meýilnamasyny işläp düzmekde ýardam berýändigini aýtdy.
“Bilim bu makalada möhüm meseleleriň biridir. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryny bu hadysalara garşy durmak üçin bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge çagyrýar. Bu resminamanyň täzelenen görnüşiniň kabul edilmegi şu ýylyň mart aýynda Daşkentde geçiriljek ýokary derejeli maslahatda meýilleşdirilýär we oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar" – diýip, ol aýtdy.
E4J çeşmeleri BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we dürli hyzmatdaşlar, şol sanda hökümetler, ylmy edaralar we hökümete dahylsyz guramalar tarapyndan, şeýle hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda, hem de esasy diňleýjileriň: mugallymlaryň we okuwçylaryň gatnaşmagynda döredildi.
"BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, BMG-niň Terroçylyga garşy müdirliginiň maksatnamalary we USAID-iň Türkmenistanda "Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa" maksatnamasy bu meseleleri uniwersitetleriň we mekdepleriň okuw meýilnamalaryna girizmek üçin uzak möhletleýin we yzygiderli hyzmatdaşlyk etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar" – diýip, Hanym Elli Walentin, Merkezi Aziýada Winrock International gyramasynyň başlygy belledi.
Gatnaşyjylar mekdep okuwçylaryna we talyplara kanunyň hökmürowanlygy, jenaýatyň öňüni almak we jenaýat adalaty ýaly mowzuklar barada gollanma materiallary bilen üpjün eden okuw sapaklaryna ýokary baha berdiler we geljekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler. “Adalat üçin bilim” okuwyny tamamlap, şahadatnama alan mugallymlar topary täze öwrenilen başarnyklaryny Türkmenistanda beýleki mugallymlara öwretmekde we okuw meýilnamasyny beýleki bilim edaralaryna ýaýratmakda ýolbaşçylyk etjek ilkinji mugallymlar bolar diýip meýilleşdirilýär.
Tarapyndan ýazylan
Wasilina Bražko
UNODC
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen