Press reliz

Türkmenistan betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Milli platformany ýola goýýar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ugrunda utgaşdyryş işlerini güýçlendirýär

16 fewral 2022

  • Şu gün Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça täze döredilen pudagara iş toparyny ýola goýmak üçin ýokary derejeli ýygnak geçirdi.

Gatnaşyjylar, şol sanda pudagara iş toparynyň agzalary bolan milli edaralaryň ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary - Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň agzalary, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliniň orunbasary, milli bilermenler we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak meseleleri boýunça BMG-niň hünärmenleri maglumatlaryň alyş-çalşygyny üpjün etmekde, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda milli we halkara gatnaşyjylaryň arasynda özara gatnaşygy döretmekde, Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça işlerini ösüş ugrundaky syýasatlara, meýilnamalara we maksatnamalara girizmek üçin zerur bolan çeşmeleri rasionallaşdyrmakda betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin Milli platforma hökmünde hyzmat edýän pudagara iş toparynyň orny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Ýurt boýunça topary Milli platforma goldaw berjekdigini mälim etdi we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan hem-de BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasynyň Merkezi Aziýa sebiti üçin başlangyjy tarapyndan hödürlenen tematiki ugurlaryň çäginde hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady:

  • Töwekgelçilikleri kesgitlemek, ymtylyşlara baha bermek we olary çaklamak
  • Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreler
  • Betbagtçylyk töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek
  • Betbagtçylyklara we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we çäreleri görmek
  • Betbagtçylyklardan soň dikeldiş döwri

Goranmak ministriniň orunbasary we Goranmak ministrliginiň raýaty goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň ýolbaşçysy jenap Döwran Durdyýew “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça pudagara iş topary betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we çäre görmek ýaly meseleler boýunça utgaşdyrylan hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmäge goşant goşar”- diýip, aýtdy.

"Türkmenistanda BMG, Türkmenistanyň hökümetiniň betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek baradaky ygrarlylygyna ýokary baha berýär" – diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary hanym Renata Wrobel “Ýewropa Bileleşigi betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri ýaly meselelere çuňňur düşünmek - töwekgelçilikleri azaltmak we bu töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmak üçin ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädim hökmünde hasap edýär. Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin maksatnamasynyň çäginde betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin pudagara iş toparyna goldaw bermäge taýýardyr" – diýip, belläp geçdi.

BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin edarasynyň başlygy jenap Oktawian Biwol “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça milli platforma betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin netijeli utgaşyryş işleriniň, şeýle hem milli hem-de sebitleýin derejede betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça strategiýalary, meýilnamalary we hereketleri utgaşykly durmuşa geçirmek üçin möhüm bir mehanizmdir" – diýip, aýtdy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamysnyň ýörelgeleriniň, raýaty goramak we halas ediş işlerinde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Milli maksatnamanyň çäreleriniň we  2019-njy hem-de 2021-nji ýyllarda gol çekilen, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we çäreleri görmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak ýaly ugurlarda Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmeklik baradaky Memorandumynyň arabaglanyşyklaryny gözden geçirdiler.

Duşuşykda BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň hünärmenleriniň 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasynyň ýolbaşçylygyndaky geçiriljek maslahatda Milli Sendaý platformasyny ýaýbaňlaşdyrmak we pudagara utgaşdyryşyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşyga geldiler.

BMG-niň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň taslamasy barada maglumat

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilip, Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Betbagtçylyklara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak we Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmek” taslamasy sebitdäki ýurtlara Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň ileri tutýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini goldamagy maksat edinýär. Taslama sebitleýin utgaşdyryş işlerini güýçlendirmek, betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin sebitleýin strategiýalary ösdürmek, betbagtçylyklar zerarly ýüze çykýan ýitgileri hasaba almak üçin milli ulgamlary we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak ýaly ugurlary goldaýar. Taslama paýtagt şäherleriniň ýerli derejede betbagtçylyklara garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin strategiýalaryň işlenip düzülmegini goldaýar. Yewropa Bileleşigi bu üç ýyllyk taslamany durmuşa geçirmek üçin 3,750,000 ýewro goýberdi.

Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin Milli platforma töwekgelçilikleri azaltmak boýunça çäreleri utgaşdyrjak köp taraply milli mehanizmdir. Platforma, milli jogapkärçilik we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak işine ýolbaşçylyk etmek ýaly ýörelgelere esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, 2019–2030-njy ýyllar üçin raýat goraglylygy pudagynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça Döwlet Maksatnamasyna (2019-njy ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1156 belgili karary bilen tassyklanýar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Milli strategiýa hökmünde ykrar edildi) laýyklykda durmuşa geçirilýär. Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin hereketleriň meýilnamasy betbagtçylyga taýýarlyk we çäreleri görmek, olaryň töwekgelçiliklerini azaltmak we öňüni alyş çärelerini öz içine alýar. 2015-2030-njy ýyllarda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Hereketler meýilnamasynda aýratyn beýan edildi.

Goşmaça maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Gazagystanda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti, aragatnaşyk bölüminiň işgäri hanym Elnura Abakanowa: elnura.abakanova@eeas.europa.eu

BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasynyň sebitleýin maksatnamasynyň utgaşdyryjysy jenap Abdurahim Muhidow: muhidov@un.org

Türkmenistanda BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça edarasynyň milli tehniki işgäri Ogulgerek Annaýewa: ogulgerek.annayeva@un.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz