Press reliz

Täze #MenEngage platformasy erkekleri we oglanlary Türkmenistanda jyns deňligini goldamaga çagyrýar

03 mart 2022

  • ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy erkekleri we oglanlary öýde, iş ýerlerde we jemgyýetde gender deňligini öňe sürmek üçin #MenEngage (#ErkeklerHem) platformasyny işe girizdi. Kampaniýanyň sahypasy, "Erkek adam öz hukuklary we gender deňligi barada näme bilmeli?" atly hukuklar, deňlik we öz içine alyjylyk boýunça ýaşlar gepleşikleriniň çäginde başlandy.

#MenEngage platformasy Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň “MenEngage” platformasynyň üstüni ýetirýär we syýasaty ýöredijilere, gender deňligini gazanmak boýunça hyzmatdaşlara, esasanam Türkmenistanda gender deňligini öňe sürmek ugrunda erkeklere we oglanlara goldaw bermek üçin türkmen dilinde çeşmeler, gurallar, subutnamalar we pikirler bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Bu platforma erkekler we oglanlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasy üç ugry boýunça habarlaryň, kampaniýalaryň, gözleg işleriň we gurallaryň, wideolaryň we söhbetdeşlikleriň çeşmesi bolar we hyzmatdaşlaryň ýazgylaryny kabul eder:

1) Reproduktiw saglygyny, enäniň we çaganyň saglygyny gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlyk;

2) Çagany terbiýelemekde we olara ideg etmekde doly gatnaşygy goldamak üçin hyzmatdaşlyk; we

3) Iş ýerlerde we jemgyýetde oňyn gender tejribesini öňe sürmek üçin hyzmatdaşlyk.

Erkekler we oglanlar, şeýle hem aýallar we gyzlar gender deňligini gazanmaga goşant goşýarlar. Gender esasynda zorlugy bes etmek, jynsy we reproduktiw saglygy hem-de hukuklary öňe sürmek, maşgalany meýilleşdirmek we maşgalany üns merkezinde goýýan syýasatlary goldamak bilen baglanyşykly meseleleri gepleşikler we özara goldaw arkaly çözüp bolýar we çözülmelidir.

Türkmenistanda erkekleriň gatnaşmagy, ÝUNFPA-niň goldawy bilen işlenip düzülen we 2021-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň gender deňligi baradaky ikinji Milli hereketler meýilnamasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. ÝUNFPA iň gowşak toparlara, şol sanda  maýyplygy bolan aýal-gyzlara täsirini ýetirýän gender zorlugynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, gendere degişlilikde maglumatlary ýygnamak we derňemek; aýallaryň we gyzlaryň saglygyny gowulaşdyrmaga we durmuşda mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maksatnamalary goldamak; we jemgyýetde oňyn gender tejribesini öňe sürmek üçin erkekleri we oglanlary çekmek üçin platformany döretmek arkaly Türkmenistanyň hökümetine 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk ugrunda ýurt boýunça maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň gender deňligi baradaky Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berýär.

Platformanyň işe girizilmegi ÝUNFPA-niň jyns taýdan özgerdiş maksatnamasynyň, şeýle hem Britaniýanyň hökümetiniň ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, durnuklylyk we howpsuzlyk gaznasy tarapyndan tarapyndan maliýeleşdirilýän, ÝUNFPA-niň “Merkezi Aziýada gender esasynda zorlugyň öňüni almak we oňa garşy çäreleri görmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmek” atly sebitleýin taslamasynyň bir bölegidir.

Men Engage platforma geçip görüň: Türkmen sahypasy | Iňlis sahypasy

***

Has giňişleýin maglumat üçin:

Ene Tuýliýewa,

ÝUNFPA, Jemgyýetçilik we aragatnaşyk

işleri boýunça hünärmen

tuyliyeva@unfpa.org

 

Mehri Karakulowa,

ÝUNFPA gender deňligi boýunça

milli maksatnamalar analitigi

karakulova@unfpa.org

 

http://turkmenistan.unfpa.org

www.facebook.com/unfpatkm

www.instagram.com/unfpa_turkmenistan

imo: +99362 833158

www.yashlyk.info

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz