Press reliz

ÝUNOPS Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak üçin döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

30 mart 2022

  • Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça edarasy (ÝUNOPS) Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine soňky döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy. Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary ” ÝUNOPS Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin ýurduň 50-den gowrak hassahanasyny ösen tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etdi.

Aşgabatdaky gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň hassahanasy iki sany EKG, lukmançylyk awtoklawy, ykjam rentgen, gastroskopiýa we duodenoskopiýa ulgamy bilen üpjün edildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary jenap Çary Agamyradow, onuň Alyhezreti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýuki, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko, Aşgabat şäheriniň gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň müdiri jenap Çerkez Hannyýew we Awstriýada ÝUNOPS-iň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote çykyş etdiler.

“Şu ýylyň 22-nji aprelinde belleniljek Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň öňsyrasynda şeýle möhüm taslamanyň durmuşa geçirilişine şaýat bolmak meniň üçin uly hormat. Mundan başga-da, bu taslama ýapon we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlugyň we raýdaşlygyň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek isleýärin." diýip, onuň Alyhezreti Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýuki aýtdy.

“Men Türkmenistanyň taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiňMeýilnamasy, şeýle hem Ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy bilen utgaşdyrylan taslamanyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň hilini hasam ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Birleşen Milletler GuramasyTürkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümetleri bilen bilelikde strategiki hyzmatdaşlygynydowam etdirmäge taýýardyr "- diýip, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistany öz içine alýan, Awstriýada ÝUNOPS-iň köp ýurtly edarasynyň müdiri hanym Freýa fon Groote şeýle diýdi: “Türkmenistanyň halky üçin aýdyňnetijeleri gazanmak wezipesi bolan, ynamdar hyzmatdaş hökmünde, biz mundan beýläk hem infrastruktura we satyn alyşlar ýaly ugurlarda goldaw bermek, şeýle hem Türkmenistanyňhökümeti, Ýaponiýanyň hökümeti, BMG ulgamy we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde taslamalary dolandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns bermek bilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda durnukly we saldamly goşant goşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys."

ÝUNOPS “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” taslamasyny 2,8 million ABŞ dollary möçberinde goşant goşan Ýaponiýa hökümetiniň adyndandurmuşa geçirýär. Bu taslama 2020-nji ýylda ýokary derejede tassyklanan BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny, Türkmenistanda döwlet derejesinde Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasyny, şeýle hem Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde amala aşyrylýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz