"Tebigat bilen sazlaşygy saklamak 21-nji asyrda biziň esasy wezipämizdir" – diýip, BMG-niň Baş sekretary has ygtybarly, has durnukly we has adalatly dünýäni döretmek üçin howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyny meýilnama hökmünde ulanyp, dünýä jemgyýetçiligini bilelikde işleri amala aşyrmaga çagyryp, aýtdy.
Hemişeki ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky topary BMG-niň ýolbaşçysynyň çagyryşyna seslendi.
Türkmenistan Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýa-da DÖM-i kabul eden ilkinji ýurt bolandygyny bellemegimiz zerurdyr. BMG-niň ýurt boýunça topary hökmünde biziň üçin bu, milli hyzmatdaşlarymyza goldaw bermegi dowam etdirmegi, bilim almagy we tiz wagtda DÖM-na ýetmek üçin alyp barýan işimize innowasion çözgütleri girizmegi aňladýar.
Meniň ýolbaşçylygymda BMG-niň ýurt boýunça topary howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan işleri ýaýbaňlaşdyrmakda we ýurduň daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlaryny goldamakda Türkmenistana hemmetaraplaýyn we utgaşdyrylan goldaw bermek üçin işjeň hereket etdi.
BMG-niň düzümleýin edaralarynyň birnäçesi, şol sanda FAO, BMGÖM, ÝUNISEF we BSGG, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça hökümet bilen pugta hyzmatdaşlygyny dowam etdirdi. Şeýle hem, biz hökümet bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin çäreleri gurap, BMG-niň beýleki edaralarynyň gatnaşygyny artdyrdyk.
Bu işjeň gatnaşyklaryň döwri 2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Glazgoda geçiren Howanyň üýtgemegi babatynda maslahatynyň (COP26) öňsyrasynda bolup geçdi. Netijede biz strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrdyk we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çekişmelere has köp milli gatnaşyjylary çekdik.
Şolaryň biri meniň edaramyň goldawy bilen howanyň üýtgemegi boýunça utgaşdyryjy toparynyň döredilmegidir. Ýene bir mysaly, BMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi, iň aýdyň mysallaryň biri bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda ýaşlaryň ornuny nygtaýan, biziň goldawymyz bilen geçirilen Milli ýaşlar maslahatydyr.
Bu özara düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine aşa ejiz bolan, iri magdançylyk senagatly we deňize çykalgasy bomadyk ýurt hökmünde Türkmenistan üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Şeýlelik bilen, Hökümet bilen has ýakyndan işleşmek arkaly bu şertnama geljekde ýüze çykyp biljek meseleleri azaltmak üçin howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere bolan milli islegleri güýçlendirip biler.
Mundan başga-da, ol pes uglerodly ösüş boýunça Milli strategiýalar we Hereketler meýilnamasy, Aral deňzi babatynda Milli hereketler meýilnamasy, howanyň üýtgemegi babatynda Milli strategiýalar we Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşantlaryny täzelemek ýaly milli başlangyçlary goldamak üçin platforma döredýär.
Umuman, düşünişmeklik hakyndaky Ähtnama daşky gurşaw babatyndaky başlangyçlara maýa goýumlaryny ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin halkara maliýeleşdiriş işlerine elýeterliligi üpjün etmek arkaly BMG-niň berýän goldawyny hasam işjeňleşdirýär. Bu bolsa, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak ugrunda tagallalary dowam etdirmek üçin jemgyýetleri işjeň gatnaşmak we ýuwaş-ýuwaşdan işleri amala aşyrmak üçin ruhlandyryp biler.
Biziň geljekki ýyllarda umydymyz köp. Soňky ýyllarda Türkmenistanda önümçilik pudagynyň uglerod zyňyndylary yzygiderli azalýar. Ýurt tokaýlary dikeldýär we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin ýerleriň ulanylyşyny gowulandyrýar. Şeýle hem, ýaşlar durnukly jemgyýetleri döretmek ugrunda möhüm orunlaryny öňkülerinden hem has gowy düşünýärler.
Italiýada geçirilen COP26 maslahatynyň Howa babatynda ýaşlar maslahatynda Türkmenistanyň wekili hökmünde çykyş eden 13-nji DÖM-niň ýaş ilçisi Leýli Ýagşiýewa şeýle diýdi: “Biz, ýaş ýolbaşçylar, geljegimiziň ýagty we dowamly bolup biljekdigine ynanýarys. Dünýä bize umytlanýar, geliň, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin döredijiligimizi şu ýerde we şu wagt birleşdireliň! ”