Esasy gatnaşyjylar, şol sanda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Lýusiýa Waýld Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň esasy netijelerini we bu netijeleriň Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada belläp geçdiler, şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo paktyny we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek hem-de zyňyndylaryň az bolan ykdysadyýetine geçmek prosesini tizleşdirmek üçin gural hökmünde hyzmat edýän halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça milli edaralaryň wekilleri bolan ministrleriň orunbasarlary öz ýurtlarynda ýyladyşhana zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen häzirki we meýilleşdirilýän milli çärelerini hödürlediler.
Howa tehnologiýalary merkeziniň alyp barýan işleri we bu ugurda geljekde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýuljak gatnaşyklar Howa tehnologiýalar merkeziniň we torunyň müdiri hanym Roz Mwebaza tarapyndan hödürlendi.
BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko öz çykyşynda Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň hökümetine howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde hemmetaraplaýyn we utgaşdyrylan goldawy berendigi, şol sanda Türkmenistan bilen BMG-niň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak ugrundaky hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmeklik hakyndaky Memorandumyň gol çekilmegi barada belläp geçdi.
Şeýle hem ol "Biz bilelikde köp tagallalary etmelidiris, aragatnaşygymyzy gowulandyrmalydyrys we netijeliligi ýokarlandyrmalydyrys, çünki diňe bilelikdäki hereketleriň we jogapkärçiligiň üsti bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini azaltmak ugrunda üstünlik gazanyp bileris", diýip aýtdy.
Bu çäre, geçen ýyl howanyň üýtgemegi babatynda milli we halkara hyzmatdaşlar bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Howa boýunça sebitleýin tehnologiýalar merkeziniň döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin geçirilen geňeşleriň dowamydyr.