Press reliz

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň netijesinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyga ýol açmak

06 aprel 2022

  • BMG Türkmenistanyň hökümeti we Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň esasy netijelerini we üstünliklerini, olaryň Merkezi Aziýa üçin derwaýyslygyny, şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo paktyny öňe sürmek üçin täze pikirleri döretmek we hyzmatdaşlygy ýaýbaňlaşdyrmak boýunça usullary ara alyp maslahatlaşmak üçin ministrleriň gatnaşmagynda sebitleýin gepleşik gurady.

Esasy gatnaşyjylar, şol sanda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Lýusiýa Waýld Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy maslahatynyň esasy netijelerini we bu netijeleriň Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada belläp geçdiler, şeýle hem Howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo paktyny we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek hem-de zyňyndylaryň az bolan ykdysadyýetine geçmek prosesini tizleşdirmek üçin gural hökmünde hyzmat edýän halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça milli edaralaryň wekilleri bolan ministrleriň orunbasarlary öz ýurtlarynda ýyladyşhana zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen häzirki we meýilleşdirilýän milli çärelerini hödürlediler.

Howa tehnologiýalary merkeziniň alyp barýan işleri we bu ugurda geljekde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýola goýuljak gatnaşyklar Howa tehnologiýalar merkeziniň we  torunyň müdiri hanym Roz Mwebaza tarapyndan hödürlendi.

BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko öz çykyşynda Türkmenistanda BMG-niň ýurt boýunça toparynyň Türkmenistanyň hökümetine howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde hemmetaraplaýyn we utgaşdyrylan goldawy berendigi, şol sanda Türkmenistan bilen BMG-niň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmak we uýgunlaşmak ugrundaky hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmeklik hakyndaky Memorandumyň gol çekilmegi barada belläp geçdi.  

Şeýle hem ol "Biz bilelikde köp tagallalary etmelidiris, aragatnaşygymyzy gowulandyrmalydyrys we netijeliligi ýokarlandyrmalydyrys, çünki diňe bilelikdäki hereketleriň we jogapkärçiligiň üsti bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini azaltmak ugrunda üstünlik gazanyp bileris", diýip aýtdy.

Bu çäre, geçen ýyl howanyň üýtgemegi babatynda milli we halkara hyzmatdaşlar bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Howa boýunça sebitleýin tehnologiýalar merkeziniň döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin geçirilen geňeşleriň dowamydyr.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz