BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi BMGÖM bilen bilelikde Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň başarnyklaryna baha bermäge ýardam edýär
22 aprel 2022
-
BMG-niň Adam hukuklary boýunça Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölümi BMGÖM bilen bilelikde, bäş tapgyrdan ybarat bolan okuwyň öňsyrasynda, “Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanyna baha bermek” atly gibrid görnüşinde tanyşdyryş ýygnagyny geçirdi.
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň başarnyklaryna baha bermek üçin alnyp barylan işleriň netijeleri, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň Strategiki meýilnamasyny işläp düzmek üçin esas bolup hyzmat eder.
Başarnyklara baha bermek üçin işler üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň* esasynda döredilen ýörite topar, ýagny, BMGÖM sebitleýin bölüminiň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň sebitleýin bölüminiň, Mongoliýanyň Adam hukuklary boýunça Milli geňeşiniň we Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň bilermenleri tarapyndan amala aşyrylar.
Tanyşdyryş ýygnagyň dowamynda gatnaşyjylar Hereketler meýilnamasyny, mümkinçiliklere baha bermegiň usulyýetini we bu barada düşünjäni ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitiň beýleki ýurtlarynda milli hukuk goraýjy edaralarynyň başarnyklaryna baha bermek üçin geçirilen şuňa meňzeş çäreler boýunça mysal berdiler. Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň başarnyklaryna baha bermek üçin ýörite toparyň - Aşgabat şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek üçin ýurda sapary 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär.
Başarnyklara baha bermek boýunça tabşyryk Türkmenistanda Adalatçynyň diwanyna, Pariž ýörelgelerine laýyklykda Türkmenistanda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak üçin başarnyklary ösdürmek boýunça strategiýalary we çäreleri işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, Adalatçynyň diwanynyň başarnyklaryna baha bermek üçin işleri geçirmek we onuň netijelerine esaslanýan Strategiki hereketler meýilnamasyny işläp düzmek, şeýle hem 2023-nji ýylda Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Global bileleşigine girmek üçin, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň akkreditasiýany almagy üçin arzalaryna garamak prosesine oňyn täsir eder.
***
* Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk Milli hukuk goraýjy edaralarynyň Global bileleşigi (GANHRI), BMGÖM we 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň (OHCHR) edarasynyň arasynda hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin baglaşyldy.