Press reliz

HMG milli hyzmatdaşlar üçin “Migrasiýanyň, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň özara baglanyşygyny howanyň üýtgemegi babatyndaky milli meýilnamalara girizmek” üçin Ýolbaşçy komitetiniň ýygnagyny geçirdi

29 aprel 2022

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa Guramasy, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde HMG-niň Ösüş Gaznasy (IDF) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Migrasiýanyň, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň özara baglanyşygyny howanyň üýtgemegi babatyndaky milli meýilnamalara girizmek” atly taslamanyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisini gurady.

Bu duşuşyk, milli hyzmatdaşlar bilen bu taslamanyň maksatlaryny we wezipelerini, Türkmenistanda migrasiýanyň, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemeginiň özara baglanyşygyny, taslamanyň çäginde görülmeli çäreleri we bu ugurda işleýän esasy döwlet edaralar we ministrlikler bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bölüminiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň wekilleri çykyş etdi.

Duşuşyk Türkmenistanda HMG-niň başlygy jenap Azat Atajanowyň ýüzlenmesi bilen başlandy: “Howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri Türkmenistanyň hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar we Birleşen Milletler Guramasynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynda möhüm orna eýedir."

Bu sözlerden soňra, Daşky gurşaw meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň taslamalaryny utgaşdyrmak müdirliginiň başlygy jenap Berdi Berdiýew bu ugurda HMG bilen Türkmenistanyň hökümetiniň bilelikde alyp barýan işlerine minnetdarlyk bildirdi we onuň ähmiýetini belläp geçdi. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly migrasiýanyň töwekgelçilik döredýän faktorlarynyň täsirini azaltmak üçin taslamanyň çäginde gözleg işlerini, tälimleri, şeýle hem durmuş taýdan we ykdysady ösüş boýunça işleýän milli edaralaryň bilermenleriniň ukyplaryny artdyrmak üçin okuw sapaklaryny we saparlaryny geçirmegi meýilleşdirilýär.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz