Press reliz

Merkezi Aziýada jyns esasly zorluga garşy köp pudaklaýyn çäre görmek

23 May 2022

  • BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanda BMG-niň Ilat Gaznasy “Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjyň sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde “Utgaşdyrma - Hil - Netijelilik. Merkezi Aziýada jyns esasly zorluga garşy köp pudaklaýyn çäre” atly okuw maslahatyny geçirdiler. 

Bu çärä goşmaça, 2022-nji ýylyň 25-27-nji maý aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin "Merkezi Aziýa ýurtlarynda zorluga sezewar bolan adamlary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen üpjün etmek, hem-de olara polisiýa tarapyndan goldaw berilmegi üçin utgaşdyrylan hyzmatlar" atly üç günlik sebitleýin okuw geçirildi.

Maslahata jyns esasly zorluga garşy köp pudaklaýyn çäreleri güýçlendirmek boýunça sebitleýin tejribäni öwrenmek üçin Türkmenistanyň dürli döwlet edaralarynyň wekilleri, şol sanda kazyýet ulgamy, hukuk goraýjy edaralar, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany hem-de “Keýik Okara” we “Ýeňme” ýaly jemgyýetçilik birleşikleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Institutynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Şemşat Atajanowa “Türkmenistanda köp gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda, jyns esasyndaky meseleleriň çözgüdini tapmak üçin köp pudaklaýyn çemeleşmäniň ulanylmagyny öňe sürmek” barada çykyş etdi. Hanym Atajanowa, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýal-gyzlara degişlilikde jyns esasly zorluga garşy köp pudaklaýyn çäre görmek ulgamyny güýçlendirmegi öz içine alýan gender deňligi boýunça Milli hereketler meýilnamasyna laýyk gelýändigini aýtdy.

Merkezi Aziýanyň 5 ýurduny öz içine alýan we Owganystan bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän “Ýagtylygyň şöhlesi” atly sebitleýin maksatnama Merkezi Aziýada we Owganystanda jyns esasly zorlugy we zyýanly tejribäni ýok etmegi maksat edinýär. Bu maksatnama BMGÖM, ÝUNFPA we BMG-niň Zenanlaryň meseleleri boýunça edarasynyň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýän bölümleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.

“Ýagtylygyň şöhlesi” Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan global başlangyjydyr. Bu başlangyç, aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmegi maksat edinýär. Bu başlangyç, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur şert we hereketlendiriji güýç hökmünde gender deňligini ýola goýmaga we aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga maýa goýmak üçin ägirt uly global tagallalary öz içine alýar.

Merkezi Aziýa we Owganystan üçin “Ýagtylygyň şöhlesi” atly sebitleýin maksatnama kanuny özgertmeleri amala aşyrmaga, degişli edaralaryň we aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, gender deňligi esasynda kadalary öňe sürmäge, şeýle hem aýal-gyzlara garşy edilýän zorluklar barada maglumatlary we statistikany ýygnamagyň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär. Sebitleýin maksatnama, zyýanly amallary ýok etmek we sebitde jynsa degişlilikde özgertmeleri goldamak üçin raýat jemgyýeti, donorlar, hünärmenler, akademiýa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly köp gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Has giňişleýin maglumat  üçin şu salga geçiň www.spotlightinitiative.org

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz