Press reliz

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan, “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ekologiýa çäreleri geçirildi

07 iýun 2022

  • Daşky gurşawy garamagyň bütindünýä güni mynasybetli, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy tarapyndan, Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin, “Diňe Ýeke-täk Zemin” atly umumy bilim artdyrýan çäreler geçirildi.

“Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen çäreler  BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasy tarapyndan geçirildi.

Geçirilen çäreler, çagalaryň ekologiýa barada bilimini artdyrmaga we çagalaryň tebigaty, suw serişdelerini, florany we faunany aýawly ulanmak endikleriniň emele gelmegine gönükdirilendir. Şeýle-hem geçirilen çäreler, ýaş nesilleriň tebigy serişdelerden oýlanşykly peýdalanylmagy, galyndylaryň azaldylmagy we galyndylaryň dolandyrylmagy babatda  bilimlerini artdyrmaga ýardam berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy tarapyndan, Türkmenistanyň tebagaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde tomus möwsüminde dynç alýan çagalar üçin, geçirilen çärelerde plastika galyndylarynyň ýer şaryna ýetirýän ýaramaz täsirleri barada habar berildi. Şol habarlarda ummanlary we deňizleri goramak hem-de deňiz serişdelerini tygşytly ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-hem, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Wekilhanasy bilen, Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki başlangyçlary barada çagalara gyzykly gürrüň berildi. Ekologiýa çäresiniň dowamynda çagalaryň ekologiýa barada bilimini artdyrmaga gönükdirilen, “Zemin, suw, howa” atly sport uýunlary geçirildi we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagalaryň şahsy goşantlary höweslendirildi.

“Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni-bu ýer şaryny goramak üçin alada etmek barada biziň jogapkärçiligimize akyl ýetirmäge, bize daşky gurşawy goramak barada ygtybarly işleri ýerine ýetirmäge, 2030-njy çenli döwürde Durnukly Ösüş  Maksatlaryna ýetmek üçin ynamly işleri amala aşyrmaga uly itergi berýär”- diýip Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň taslamalar müdürliginiň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhamedow belläp geçdi. “Tebigy serişdeleri durnukly ulanmak barada meseläni öwrenmek we ekologiýa başlangyçlaryna çagalaryň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen, biz çagalaryň daşky gurşaw barada bilimini artdyrýarys, çagalaryň ekologiýany goramaga işjeň gatnaşmagyny höweslendirýäris hem-de olaryň özleriniň hem durnukly çözgütler ýarada pikirlenmegine mümkinçilikleri döredýäris”.

***

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirlýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama şäherleriň durnukly ösdürilmegine hem-de şäherleriň ösmegi bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga, ýagny ýurdumy sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaryň çäklerinde, daşky gurşawa zyňylýan parnikemekegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, energiýany tygşytly ulanmak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa gözegçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek, galyndylary durnukly dolandyrmak, ulag ulgamyny durnukly ösdürmek işlerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde,  Aşgabat şäherinde we Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda energiýanyň tygşytly ulanylmagy, galyndylaryň dolandyrylmagy babatda ýardam bermäge we bu meselede tehniki, institual we strategiki goldaw berilýär. Şeýle-hem gazanylan oňyn netijäni Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde ornaşdyrmak barada işler geçirilýär.

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz