Press reliz

2022-nji ýylda bilim ulgamyny özgertmek boýunça maslahatyň öňsyrasynda milli geňeşmeler ýola goýuldy

22 iýun 2022

  • Türkmenistanyň hökümeti sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça maslahata taýýarlyk görmek üçin milli geňeşmeleri başlady. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO-niň Tähranda ýerleşýän edarasy we ÝUNESKO-niň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary 21-nji iýundan başlap, 15-nji awgusta çenli dowam etjek milli geňeşmeleriň milli utgaşdyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrligine goldaw berýär.

Bilimi özgertmek baradaky inklýuziw geňeşlere milli ministrlikler, talyplar we ýaşlar guramalary, raýat jemgyýeti guramalar, mugallymlar birleşikleri, hususy kärhanalar, ylmy toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem bilim ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdy.

Bilim ulgamyny 2030-njy ýyla çenli özgertmek üçin bu geňeşler gatnaşyjylaryň arasynda umumy düşünjäni, borçnamalary we hereketleri işläp düzmegi maksat edinýär. Türkmenistanyň hökümetiniň ýolbaşçylygynda milli geňeşmeler bilim ulgamyndaky ýitgileriň öwezini dolmaga, Durnukly ösüşiň 4-nji maksadyny täzeden herekete getirmäge we geljekde bilim ulgamyny täzeden gözden geçirmäge gönükdirilendir.

Geňeşler üç mowzugyň çäklerinde geçirildi: COVID-19 pandemiýasyndan soň dikelmek; 21-nji asyrda bilim ulgamyny täzeden gözden geçirmek üçin esasy strategiki özgerişleri we hereketleri kesgitlemek, şeýle hem bilim ulgamyny özgertmek ugrunda umumy maksatlara ýetmek üçin alnyp barylýan işleri tizleşdirmek; bilim ulgamynda milli maksatlara bolan ymtylyşy ýokarlandyrmak.

Milli geňeşleriň netijesinde Sammitiň sekretariaty üçin gysgaça hasabat we Bilimi özgertmek üçin ygrarlylygy görkezýän Milli beýannama taýýarlanyldy, onda bar bolan meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we başlangyçlaryň esasynda ileri tutulýan işlere degişlilikde milli borçnamalar beýan ediler we ylalaşyga gelner.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz