Bilelikdäki bilermenler topary durnukly ösüşi maliýeleşdirmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşýarlar
13 iýul 2022
- BMG we Türkmenistanyň Hökümeti, Bilelikdäki bilermenler toparynyň (BBT) 2021-2022-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyna laýyklykda DÖM-ni maliýeleşdirmek boýunça bäşinji ýygnagyny geçirdi.
BBT-niň agzalary durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin halkara tejribesi, elýeterli gurallar, şol sanda Türkmenistanda ösüp barýan gazna biržasy arkaly maliýeleşdirmegiň usullary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekili (toparyň başlygy) jenap Atajan Ataýewiň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan soňra, Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň wekili jenap Maksat Keşiýew, pudagara iş topary tarapyndan işlenip düzülen “Maliýe bölünişigini ýeňip geçmek” atly 2022-nji ýylda Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça hasabatyň esasy pursatlaryny belläp geçdi. 2022-nji ýyldaky hasabatda ösüşi maliýeleşdirmek ugrunda gazanylan netijelere baha berilýär we dünýä ykdysady gurşawy, hem-de onuň durnukly ösüşe, durnukly maliýeleşdiriş işlerine we töwekgelçilikleri nazara alnan ösüşe edýän täsiri seljerilýär. Mundan başga-da, hasabat Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatynyň Addis Abeba hereketler meýilnamasynda kesgitlenen, ösüş babatynda ýedi ugur, şol sanda maglumatlar bilen baglanyşykly meseleler boýunça syn berýär.
Aşgabatda gazna biržasynyň baş müdiri jenap Nurgeldi Meredow, Türkmenistanda ösüp barýan gaznabiržasyny durnukly ösüşi maliýeleşdirmegiň alternatiw guraly hökmünde hödürledi. Toparyň agzalary çykyş eden myhmany garşy aldylar we Türkmenistanda durnukly maliýeleşdirmek işleri we DÖM-ny maliýeleşdirilmek üçin alternatiw maliýe gurallarynyň goşýan goşandy barada yzygiderli pikir alyşmagyň möhümdigini aýtdylar.
BMGÖM-niň ösüşi maliýeleşdirmek işlerine baha berýän halkara bilermeni jenap Lewon Barhudarýan, Türkmenistanda ösüşi maliýeleşdirmek işlerine baha bermek ugrunda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdy. DÖM-niň milli strategiki resminamalara we maksatnamalara ornaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin Hökümetiň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde durnukly syýasy we makroykdysady gurşaw, köp mukdarda uglewodorod baýlyklary, eksportyň ösüşi, oňyn söwda balansy, döwlet karzynyň pes derejesi Türkmenistanda DÖM-niň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goldaw berer diýip bellenilip geçildi. Elýeterli bölünmedik ykdysady we maliýe maglumatlarynyň ýoklugynyň, DÖM-niň durmuşa geçirilişine baha bermek, esasanam DÖM-ny maliýeleşdirmek ugrunda edip biljek päsgelçiligi hem agzalyp geçildi.
Halkara aç-açan goldaw başlangyjynyň (IATI) sekretariatynyň wekili Anna Witson gatnaşyjylary IATI bilen tanyşdyrdy we başlangyjyň çäklerinde işlenip düzülen maglumatlar toplumlarynyň we gurallarynyň ösüşi maliýeleşdirmek işlerine baha bermek ýaly maglumat derňewi we anyklaýyş amallary üçin nädip ulanyp boljakdygyny görkezýän anyk mysallar bilen paýlaşdy. Toparyň agzalary we ýygnagyň myhmanlary IATI önümleriniň mümkinçilikleri we işleýşi barada giňişleýin öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler. Hanym Witson Türkmenistanyň maglumatlar toplumlaryndan mysallar bilen paýlaşdy we talaplara laýyklykda has köp maglumat bermäge razy boldy.
Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylar toparyň ýyllyk iş meýilnamasyna eýermegi we indiki ýygnaklarda ätiýaçlandyryş bazary ýaly ýurduň maliýeleşdiriş landşaftynyň beýleki elementlerini ara alyp maslahatlaşmaga ylalaşdylar.