Press reliz

BMG hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamany işe girizmek ugrunda meýilnamany diplomatik jemgyýetine görkezdi

25 sentýabr 2019

BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy BMG-nyň binasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň her ýylky ýygnagyny geçirdi. Türkmenistanda hasaba alnan diplomatik missiýalaryň, Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de BMG-nyň wekilleri BMG-nyň ösüş ulgamynyň özgertmelerini durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri gözden geçirdi we BMG-nyň Durnukly ösüş boýunça şu ýyl başlanan çarçuwaly hyzmatdaşlygy barada maslahatlaşdy.

Özüniň sözlän sözünde, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa 2030-njy ýyla çenli dowam etjek Gün tertibini durmuşa geçirmekde we döwlet maksatnamalaryny Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşdyrmakda alnyp barylýan işler üçin, şeýle-de BMG-nyň ösüş ulgamyna berilýän goldaw üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygyny bildirdi. Ondan başga-da, ol BMG-nyň ösüş ulgamynyň özgertmeleri üçin Hökümet bilen hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamalaryň täze toplumynyň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny belledi, şonda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama BMG we Hökümet üçin meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin esasy resminama öwrülmeli. Bu resminama hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkider we meýilleşdirilen netijelere ýetmek ugrunda serişdeleriň has netijeli ulanylmagyny üpjün eder.

Ýygnaga gatnaşyjylar BMG-nyň ösüş ulgamynyň özgertmelere bolan global garaýyşlary, şeýle-de BMG-nyň edara binasyndan BMG-nyň Ösüş boýunça utgaşdyryjy ofisiniň umumy-ulgam programma üpjünçiliginiň syýasaty boýunça hünärmen hanym Peýşens Lili Alidriniň eden çykyşyndan hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamalaryň täze toplumy barada maglumat aldy.

Ösüş boýunça hyzmatdaşlar 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça häzirki çarçuwaly maksatnamasyna garaşsyz ýagdaýda baha berilmeginiň netijeleri we degişli maslahatlar, şeýle-de 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnamany işe girizmek ugrunda meýilnamanyň esasy düzüm bölekleri bilen tanyşdyryldy.

Gatnaşyjylar ýerlerde BMG-nyň maksatnamalarynyň we işleriniň netijeliligi, şeýle-de ýurtda BMG-nyň ýöriteleşdirilen gulluklarynyň hereket etmegi barada gürrüň etdi.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz