Press reliz

Adalatçynyň diwany bilen adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak

20 iýul 2022

  • Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy BMG-niň Ýurt boýunça topary bilen bilelikde BMG-niň binasynda Türkmenistanyň Adalatçysy bilen tegelek stol geçirdiler.

Duşuşygyň çäginde ÝUNISEF, BMGÖM, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi we ÝUNFPA Türkmenistanda adam hukuklaryny öňe sürmek we goramak meselesinde Adalatçynyň diwany bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Ýurt boýunça topary, 2017-nji ýylda bu edaranyň döredileli bäri, Adalatçynyň diwanyna mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin ýardam edýär.

“BMG we Türkmenistanyň Hökümeti adam hukuklary ugrunda köp ýyllap hyzmatdaşlygyny dowam etdirýärler. Men uly şatlyk bilen, Adalatçynyň diwanynyň adam hukuklary babatynda täze döredilen edara hökmünde, mümkinçiliklerini artdyrmak üçin Türkmenistanda BMG tarapyndan uly goldaw alýandygyny belläsin gelýär" - diýip, Türkmenistada BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy aýtdy.

Türkmenistanyň Adalatçysy hanym Ýazdursun Gurbannazarowa, BMG-niň düzümleýin edaralary bilen adam hukuklary meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi we Adam hukuklaryny goramak baradaky milli edaralaryň global bileleşigi (GANRI) tarapyndan edarany akkreditasiýa etmek prosesini öwrenmek, ýaşlaryň we aýallaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak, şeýle hem korrupsiýa garşy göreşmek üçin öňüni alyş çäreler geçirmek we ilatyň adam hukuklary barada habardarlygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek barada belläp geçdi.

BMG-niň düzümleýin edaralary Adalatçynyň diwanyna Pariž ýörelgelerine laýyklykda goldaw bermegi dowam etdirerler.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz