Press reliz

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň adam söwdasyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly temany şöhlelendirmekde potensialyny ösdürmek

20 sentýabr 2019

  • 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 18-i. Halkara Migrasiýa guramasy (IOM), BMG-nyň Migrasiýa guramasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen Aşgabat şäherindäki BMG-nyň binasynda habarçylar üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde adam söwdasyna garşy göreşmek, migrantlaryň gowşaklygy, şeýle-de migrantlaryň hukuklary, migrasiýa bilen baglanyşykly howplar we migrasiýa prosesiniň dowamynda zerur bolan ähli howpsuzlyk çäreleri barada bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri şöhlelendirmekde ýerli habarçylaryň potensialyny ösdürmek boýunça milli seminary geçirdi.

Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň başlygynyň orunbasary Dewid Pert Britaniýanyň Ilçihanasynyň adam söwdasynyň öňüni almak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri üçin bu seminary geçirmekde Halkara Migrasiýa guramasyna goldaw bermäge şatdygy barada habar berdi.

Türkmenistanda Halkara Migrasiýa guramasynyň wekilliginiň başlygy Azat Atajanow Türkmenistanda 2019-2021-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň indiki milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň wajyplygy barada belledi.

Seminary geçirmek üçin bu çärä Halkara Migrasiýa guramasy Belorussiýa döwletinden iki sany halkara derejeli hünärmeni: Witaut bilen Lana Rudnigy çagyrdy. Seminara gönüden-göni gowşak migrantlar bilen işleýän raýat jemgyýetiniň, BMG-nyň: ýerli gazetleriň we žurnallaryň, elektron habar beriş serişdeleriň, telewideniýe we radio kanallarynyň wekilleri, şeýle-de ýaş habarçylar we ýerli ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdy. 

“Adam söwdasy möhüm mesele bolup, bu meseläni utgaşykly ýagdaýda şöhlelendirmek zerur. Hakykatdan hem, nädogry maglumat ýa-da bu hadysa barada bilmezlik pidanyň adam söwdasy bilen meşgullanýan adamyň eline düşmegine sebäp bolýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri adam söwdasy düşünjesi barada maglumaty ýaýratmakda we ilatyň bu barada bilim derejesini ýokarlandyrmakda esasy orny eýeleýär. Onuň netijesinde, ilat migrasiýa bilen baglanyşykly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolanda, olara taýýar bolýar” diýip, Halkara Migrasiýa guramasynyň halkara derejeli hünärmeni Witaut Rudnik belledi.

Seminaryň maksatnamasy adam söwdasy we gözegçilik edip bolmaýan migrasiýa ýaly meseleler barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça maglumat beriji kampaniýalary geçirmek babatynda halkara hukuk goraýjy işiniň nazary we amaly ýörelgelerine esaslanypdy. Bu okuw habarçylaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleriniň wezipeleri we jogapkärçiligi, şeýle-de bu işe gatnaşýan ähli adamlaryň sazlaşykly hereketleriniň möhümligi barada doly derejede öwrenmek üçin mümkinçilik döretdi. Bilelikdäki toparlaýyn iş tejribeli we ýaş habarçylara migrasiýa boýunça esasy meselelere we kynçylyklara düşünmäge ýardam berdi.

Şol bir wagtda, hökümete degişli bolmadyk guramalar adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen habarçylar bilen hyzmatdaşlygyň wajyplygyny belledi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz