Tabşyryşygyň soňky güni
10 awgust 2022Iş orunlar
IOMMilli Geňeşçi
Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasy "Owganystan we goňşy döwletler üçin hemmetaraplaýyn hereketler meýilnamasy" taslamasynyň çäginde surat we wideo hyzmatlaryny hödürlemek boýunça Milli geňeşçi wezipesine iş orun yglan edýär.
Türkmenistanda Halkara Migrasiýa Guramasy gyzyklanýan dalaşgärleri bu işe resminamalaryny tabşyrmaga çagyrýar. Dalaşgärler üçin iş jogapkärçiligi we talaplar barada jikme-jik maglumat aşakdaky goşundyda elýeterlidir.
Resminamalary tabşyrmagyň soňky möhleti: 2022-nji ýylyň 10-njy awgusty (18:00)
Gyzyklanýan dalaşgärler şahsy maglumatlaryny we rezýumelaryny bukja salyp, onuň ýüzünde "IOM-ASB-2022-08" kody görkezip tabşyrmalydyr. Şeýle hem, olar bu resminamalaryny 2022-nji ýylyň 10-njy awgustynda agşam sagat 6:00-a çenli registry.tm@undp.org elektron poçtasyna iberip bilerler.