Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri duşuşygyň moderatory bolup, ol özüniň garşy alyş sözünde Türkmenistanyň döwlet durmuş-ykdysady maksatnamasynyň esasy ugurlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada belledi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kesel bejeriş bölüminiň başlygy jenap Ergeşow Baş assambleýanyň 74-nji sessiýasynda bolup geçen Bütindünýä saglygy goraýşy üpjün etmek boýunça ýokary derejeli sammitinde Türkmenistanyň wekilýetiniň gatnaşmagynyň netijeleri barada habar berdi.
BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýolbaşçylyk etmeginde BMG-nyň ýurt boýunça topary BMG-nyň ähli edaralaryny öz içine alýan bilelikdäki hyzmatdaşlygyň esaslaryny görkezdi.
- Dolandyryşyň ornyny berkidilmek.
- Adam resurslarynyň geljekki ösüşine goldaw bermek.
- Hyzmatlary üpjün etmegiň mundan beýläk kämilleşdirilmegine goldaw bermek.
- Saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmek.
- Gözegçilik etmek we baha bermek.
“Saglygy goraýyş bütindünýä ösüşi tizleşdiriji güýç bolup durýar, 3-nji maksada ýetmek bolsa beýleki maksatlara ýetmekde gazanylan öňegidişliklere hem täsir eder” diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.
Maslahatlary başlamak bilen, gatnaşyjylar yzygiderli esasda ýylda dört gezek duşuşyk geçirmäge we döwlet maliýe serişdeleriniň dolandyrylyşyny özgertmek, saglygy goraýyş pudagyny sanly ulgama geçirmek, halkara derejeli hünärmenleriň kömegi bilen saglygy goraýyş işgärleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek, enäniň we çaganyň saglygy üçin hyzmatlaryň üpjün edilmegini kämilleşdirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy geljekde-de dowam etdirmäge ylalaşdy.