Merkezi Aziýa ýurtlaryndan TikTok-yň täsirli ýaşlary jemgyýetde gender stereotiplerini ýok etmäge çagryýarlar
08 sentýabr 2022
-
Gender esasynda zorluk we stereotipler, azar berme we diskriminasiýa. Tik-Tok we Instagram üçin bu mowzuklar boýunça gysga wideolar Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bäş täsirli ýaşlar tarapyndan taýýarlandy: ruhsoraemm (Özbegistan), stengiee (Gyrgyzystan), rafaelguloý (Täjigistan), alisher.gulamov (Türkmenistan), shahrizada_s (Gazagystan). Wideolary #CentralAsiawithHER #IDEACA #SpotlightCA heşteglar arkaly hem görüp bolýar.
Wideolar Merkezi Aziýada IDEA-nyň goldawy bilen “Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjy atly sebitleýin maksatnamanyň çäginde döredildi.
“Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjynyň sebitleýin maksatnamasynyň maksady aýal-gyzlara garşy zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmekdir. Meşhur tiktokerler öz wideolarynda tutuş sebitdäki gender stereotiplerine we zorluk bilen baglanyşykly iň derwaýys meselelere ünsi çekýärler. Täsirli ýaşlar diňleýjileri zorluga biperwaý garamazlyga we diskriminasiýa garşy göreşmäge çagyrýarlar. Ähli wideolar tiktokerleriň sahypalarynda elýeterlidir.
“Bu başlangyjy goldamak isledim, sebäbi biziň sebitimizde gender esasynda zorluk giňden ýaýran. Meniň Tik Tok-daky sahypamda takmynan 4 million abunaçylarym bar we şeýle köp tomaşaçylar bilen söhbetdeşlik edipbilmek gaty jogapkärçilikli iş diýip pikir edýärin. Sosial torlar - biziň döwrümizde möhüm guraldyr we şular ýaly zatlar hakda söhbetdeşlik etmäge we etmeli ajaýyp platformadyr. “Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjy we Merkezi Aziýada IDEA-nyň azar berme meselesine ünsi çekmek üçin şeýle döredijilik ýollaryny tapmagy gaty gowypikir"- diýip, Gyrgyzystanyň blogery Alan Dýuşeýew (@stengiee) aýtdy.
Tiktokerleriň wideolary günsaýyn köpelýär we teswirlerde ulanyjylaryň arasynda çekeleşikli ýagdaýlary döredýär, bu bolsa Merkezi Aziýa sebitinde bu meseläniň derwaýyslygynyň subutnamasydyr.
“Gender esasynda zorluga garşy göreşmek we onuň öňüni almak ÝUNFPA-niň mandatynyň iň möhüm böleginiň biridir. Aýal-gyzlara garşy zorluk dünýäde iň giňden ýaýran adam hukuklarynyň bozulmalarynyň biri bolup, sosial, ykdysady ýa-da milli çäklerden geçýär. Biz Merkezi Aziýanyň täsirli ýaşlary tarapyndan işlenip düzülen bu wideolaryň diňe bir diňleýjileriň habardarlygyny ýokarlandyrmagy we bu möhüm mowzuklarda çekişmeleri döretmegi bilen çäklenmän, eýsem sosial kadalaryň üýtgemegine hem goşant goşjakdygyna ynanýarys." – diýip ÝUNFPA-niň Gazagystandaky wekili we Türkmenistan we Gyrgyzystan üçin ýurt boýunça direktory Ronni Lindstrom aýtdy.
Zorlugyň aýal-gyzlara edýän täsiri, fiziki, jynsy we akyl saglygyna edýän dessin we uzak möhletleýin täsirlerinden ybaratdyr. Bu, saglygy goraýyş we kanuny hyzmatlardan peýdalanmak üçin edilýän çykdajylaryň ýokarlanmagyna, öndürijiligiň peselmegine we indiki nesliň abadançylygyna täsir edýär, hem-de bütin dünýäde ägirt uly şahsy, sosial we ykdysady çykdajylary öz içine alýar. Gender deňligi we aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek, adamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanyp bilmegi we durnukly ösüşi gazanmagy üçin möhümdir, aýallara garşy zorlugy ýok etmek bolsa onuň möhüm bir bölegidir.
Maglumat:
“Ýagtylygyň şöhlesi” Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldanýan Birleşen Milletler Guramasynyň global başlangyjydyr. Bu başlangyç, gender deňligine we aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmek we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek ugurnda maýa goýmak üçin global tagallalary birleşdirýär.
Merkezi Aziýa we Owganystan üçin “Ýagtylygyň şöhlesi” atly sebitleýin maksatnama kanuny reformalary geçirmäge, edaralaryň we aýallaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, gender deňligi esasynda kadalary öňe sürmäge, aýal-gyzlara garşy zorluklar barada maglumatlary we statistikany ýygnamaga ýardam edýär.
Sebitleýin maksatnama, zyýanly amallary ýok etmek we sebitde mundan beýläk-de gender babatynda özgerişikleri goldamak üçin raýat jemgyýeti, donorlar, hünärmenler, ylmy işgärler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri ýaly köpsanly gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyk edýär.
- IDEA Merkezi Aziýa, Gyrgyzystanda we Merkezi Aziýada ýaşlara öz pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bilim berýän we ylham berýän öňdebaryjy ýaşlar guramasydyr.
IDEA Merkezi Aziýa ýaşlara pikirlerini we gyzyklanmalaryny öňe sürmek ugrunda hünär taýdan goldaw berýär. IDEA Merkezi Aziýa 7 ýyldan gowrak wagt bäri interaktiw bilim, ýaşlaryň işjeňligi, köpçülikleýin çekişmeler ugrunda işini alyp barýar.
“Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjy barada maglumat www.spotlightinitiative.org sahypasynda elýeterlidir.
IDEA Merkezi Aziýa barada maglumat https://ideaca.today/ru sahypasynda elýeterlidir.
Älhli goşmaça soraglar býunça habarlaşmak üçin:
- Jamilýa Kusainowa, BMG-niň Ilat gaznasynyň aragatnaşyk işleri boýunça hünärmeni, tel.: +77016483153 kussainova@unfpa.org
- Olesya Redkina, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin “Ýagtylygyň şöhlesi” başlangyjynyň sebitleýin maksatnamasynyň taslama kömekçisi, tel.: +7 701 6043001, e-poçta: olessya.redkina@undp.org
- Kamila Usmanowa, , IDEA Merkezi Aziýanyň media utgaşydyryjysy: tel.: +996551133911, e-poçta: kamila@idebate.org