Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýete goşulmagy, olaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin goldaw bermek
17 sentýabr 2022
Maýyplygy bolan adamlaryň sosial taýdan kemsidilmegi - olary ejiz ýaly görkezýär.
Maýyplygy bolan adamlaryň sosial taýdan kemsidilmegi - olary ejiz we özlerine ideg edip bilmeýän ýaly görkezýär, olara başgaça garalýar, netijede olar jemgyýetden aýra düşýärler we şeýlelik bilen durmuşyň kynçylyklaryna sezewar bolýarlar.
BMG we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň goldawy bilen Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli "Biz kuwwatlydyrys, biz deňdiris" atly Inklýuziw sport festiwalyny geçirdiler. Jemgyýetçilik guramalaryndan Türkmenistanyň Maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe sport kluby, Maýyplara goldaw merkezi, Körler üçin küşt merkezi, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti, Agama, Ýeňme we Dikeldiş merkezi hyzmatdaş bolup çykyş etdiler.
Maýyplygy bolan adamlary çekmek, olaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen geçirilen çäre, “hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün eder ýaly sport çäreleriniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyna goşant goşdy. Sporta maýyplygy bolan adamlar gatnaşanda, ol diňe bir gatnaşyjylar üçin däl, eýsem maşgalalar, tälimçiler we tomaşaçylar üçin hem özgerýär.
“Inklýuziýa – maýyplygy bolan adamlaryň diňe gelmegi däl-de, eýsem olaryň işjeň gatnaşmagydyr. Maýyplygy bolan adamlar sportda we sport bilen baglanyşykly ähli başlangyçlaryň bir bölegi bolmalydyr " – diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Inklýuziw sport festiwalynyň açylyş dabarasynda belläp geçdi.
150-den gowrak maýyplygy bolan adamlar we olaryň maşgalalarynyň agzalary maýyplygy bolan adamlar üçin oturgyçlarda körler üçin futbol, basketbol we woleýbol, beden-skelet ulgamynyň bozulmalary bolan adamlar üçin stol tennisi, körler üçin küşt, uýgunlaşdyrylan alpinizmi, ýaryşlar we başga oýunlar arkaly sport ussatlyklaryny görkezdiler.
“Köplenç maýyplygy bolan adamlar sosial durmuşdan aýra düşýärler. Bu Sport festiwaly olara beýleki adamlar bilen deňdigini we kuwwatlydygyny görkezmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem sosial taýdan jemgyýetiň durmuşyna gatnşmaga mümkinçilik berýär." – diýip, "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Gulýa Çörekliýewa aýtdy.
Inklýuziw sport festiwaly Aşgabat olimpiýa şäherçesinde geçirildi we oňa BMG wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we hususy pudagyň wekilleri, DÖM-niň ýaş ilçileri, meýletinçiler we Aşgabadyň ýaşaýjylary gatnaşdy.
“Sport hakynda aýdanymda, men siziň ünsüňizi meni gyzyklandyrýan bodibildinga çekesim gelýär. Men 2007-nji ýylda, dostlarym maňa sport zala ýanlary bilen gitmäge teklip edenlerinde, bodibilding bilen meşgullanyp başladym. Bu meniň üçin gaty tolgundyryjy waka boldy. Wagtyň geçmegi bilen men ony gaty haladym. Bodibilding indi meniň gowy görýän sportum boldy. Ol maňa sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini alyp barmaga ýardam edýär. Ol meni kuwwatlandyrýar, bu bolsa öz gezeginde, maňa özümi ynamly duýmak we özüme hormat goýmak endiklerimi ösdürmäge, maýyplygy bolan adamlar barada umumy stereotipleri bozmaga we adamlara biziň güýçli we hyjuwly şahsyýetdigimizi görkezmäge mümkinçiligimiziň bardygyny görkezmäge ýardam edýär. "- diýip, ýaş sportçy Elçin aýtdy.
Sport festiwalynda golbol, futbol, basketbol, woleýbol, stol tennisi, küşt, gaýalara dyrmaşmak we beýleki oýunlar ýaly sport çäreler geçirildi. Hemmeler sportuň uýgunlaşdyrylan görnüşlerini synap görmäge çagyryldy. Şeýle hem myhmanlar aýdym aýtmak we tans etmek ukyplaryny görkezen kerleriň we körleriň aýdym-saz çykyşlaryndan lezzet aldylar.
“Çagalygymda men gaty köp hereket edýärdim, elmydama deň-duşlarym ýaly hereket etmäge çalyşýardym, ylgaýardym, oýnaýardym we her dürli çäreler bilen meşgullanýardym. Şondan bäri hiç zat üýtgemedi. Men henizem hereketde bolmagy gowy görýärin, bir ýerde oturyp, gündelik passiw durmuşy alyp barmak maňa agyr düşýär. Maýyplygy bolan gyz hökmünde, ýüzmek - maňa sagdyn bolmaga, işjeň hereket emäge we özümi gowy duýmaga ýardam edýär. Bu maňa hereket etmäge päsgelçilik döredýän arka agyrylaryny aýyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, men bedenimiň sagdyn we berk bolmagy üçin yzygiderli maşklar edýärin.” - diýip, ýüzüji Aýnura Hasanowa aýtdy.
“Sport - meniň durmuşym. Men ýüzmegi we küşt oýnamagy halaýaryn. Sport maňa sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga, goýan maksatlaryma ýetmäge, ileri tutýan işlerimi amala aşyrmaga we durmuşymda başdan geçirýän kynçylyklarymy ýeňmäge kuwwat berýär. Meniň sport bilen meşgullanmagymyň sebäbi, men paralimpiýa çempiony bolup, özüme buýsanmak we jemgyýete - maýyplygy bolan adamlara adatça garaýylşy ýaly ejiz däldigini görkezmek we biziň kuwwatly we deňdigimizi bildirmek uly islegim bar." - diýip, ýüzüji we küştçi Ataýew Kakabaý aýtdy.
Haçanda biz inklýuziw sport çäresini geçirenimizde, biz hemmeler üçin sportuň berýän doly mümkinçiligini kabul edip, durmuşa geçirip başlaýarys. Maýyplygy bolan adamlar üçin gurşaw döredenimizde, köplenç hemmeler üçin döredýändigimizi bellemek möhümdir. Gatnaşyjylary saýlaýan däl-de, hemmeleriň gatnaşmagyny üpjün edýän sport – sportuň geljegi, durnukly ösüş we inklýuziw jemgyýeti gazanmak üçin möhümdir. Öz içine alyjy gurşawy döretmek üçin sportuň güýji hemmeler üçin has gowy dünýäni döretmek ugrunda ýardam edýär.
Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde Birleşen Milletler Guramasy ýurda goldaw berip, Maýyplaryň Hukuklary boýunça Konwensiýasyna we beýleki halkara adam hukuklary resminamalaryna, şeýle hem Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin Sendaý çarçuwasyna gözegçilik etmek we durmuşa geçirmek ugrunda ýardam edýär. Ýakynda çap edilen “Maýyplygy bolan adamlaryň Aziýa we Ýuwaş umman onýyllygy baradaky Jakarta jarnamasy, 2023-2032” maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny öňe sürmek we goramak üçin tutuş jemgyýetiň edýän işini dowam etdirmek we tizleşdirmek üçin itergi berýär.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz