Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy Türkiýe döwletinden we Türkmenistandan pagta hünärmenlerini bir ýere ýygnaýar
26 sentýabr 2022
-
Türkiýe we Türkmenistandan pagta hünärmenleri Türkmenistanda pagta önümçiligini ýokarlandyrmak we onuň hasyl ýygymyny mehanizmleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabatda duşuşyk geçirdiler.
Pagta önümçiligi Türkiýeniň we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde möhüm orun tutýar. Dokma senagatynyň esasy çeşmesi bolup, pagta ýurduň eksport girdejisiniň we müňlerçe daýhanlaryň we işgärleriň zähmet haklarynyň ýokarlanmagyna goşant goşýar.
Gepleşikleri alyp barmak we Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda bolup biljek hyzmatdaşlygy öwrenmek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) türk pagta hünärmenleriniň Türkmenistana bolan saparyna goldaw berdi we 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanda pagta önümçiligini ýokarlandyrmak we onuň hasyl ýygymyny mehanizmleşdirmek” boýunça okuw maslahatyny gurady.
Okuw maslahaty S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi we bu maslahatyň öňsyrasynda golaýadaky pagtaçylyk hojalyklaryna, şol sanda maşyn tehniki parkyna (Akbugdaý etraby), pagta arassalaýjy kärhanasyna (Gökdepe etraby), dokma fabrigine (Aşgabat) we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutyna tehniki sapar edildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wezipeli işgärleri, şeýle hem S.A.Niýazowyň adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy iş boýunça prorektory Merdan Piriýew, alymlar, degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, Türkiýeniň oba hojalygy we syýasaty öwreniş boýunça Baş müdirliginiň hünärmenleri we FAO-niň hünärmenleri gatnaşdy.
Çäräniň açylyş dabarasynda uniwersitetiň alymlary, häzirki wagtda Türkmenistanyň gowaçany bütinleý diýen ýaly maşyn bilen ýygnaýandygyny bellediler, şeýle hem Hökümetiň häzirki wagtda daşary ýurtlardan 1000 sany pagta ýygýan maşyn satyn alandygyny we olary ýurduň bäş sebiti - Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň 38 etraplaryndaky maşyn tehniki parklaryna paýlandygyny aýtdylar. Şeýle hem, olar, 2017-nji ýyldan başlap, Hökümetiň taýýarlan operatorlary tarapyndan mehanizmleşdirilen hasyl ýygymynyň ýokarlanmagy – hasyl ýygnamak, ekin ekmek, dökün dökmek, otag etmek we pestisid sepmek ýaly hyzmatlaryny hödürleýän gowaça öndürijiler bilen üpjün edendigini bellediler.
Türk delegasiýasynyň syny
Türkiýeniň Oba hojalygynyň ykdysady we syýasy ösüş institutyndan Tijen Ozudogru şeýle diýdi: “Hökümet tarapyndan berilýän umumy meýilnamalaşdyryş we goldaw hyzmatlary Türkmenistanda gowaça ýygnamak üçin mehanizmlaşdyrylan tehnikanyň tiz wagtda girizilmeginiň esasy sebäbidir".
Türkiýeniň Nazilli şäherinde ýerleşýän ylmy-barlag pagta institutynyň pagta hünärmeni Mehmet Demirtaş şeýle diýdi: “ministrlik tarapyndan görkezilen gowaça ýygnaýjy maşynlaryň sany, bular netijeli ulanylan ýagdaýynda, ýurtda gowaça ýygnamak prosesini mehanizmleşdirmek üçin ýeterlik bolar.”
Ylmy-barlag pagta institutynyň pagta öndürmek boýunça hünärmeni Şerife Balji, soňky iki onýyllykda bu pudakda möhüm tejribe toplamak bilen bilelikde Türkiýede mehanizmleşdirilen gowaça ýygnamak prosesiniň ep-esli ösendigini aýtdy. Şeýle hem Balji, “Pagta institutynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda mehanizmleşdirilen hasyl ýygymynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin bu tejribäni paýlaşmaga taýýardyr” – diýip, aýtdy.
Şol institutyň başga bir hünärmeni Huseýin Erdikli şeýle diýdi: “has öndürijilikli we mehaniki enjamlary ulanmak arkaly hasyl almak üçin amatly bolan pagta görnüşlerini ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyk etmäge ägirt uly mümkinçilikler bar.”
Okuw maslahatynyň ýapylyş dabarasynda FAO-niň Oba hojalygy bölüminiň wekili Fazil Duşunjeli şeýle diýdi: “FAO iki ýurduň arasyndaky bu hyzmatdaşlygy ýola goýmaga örän şat we pagta önümçiligini gowulandyrmak we onuň ýygymyny mehanizmleşdirmekden başga-da, hyzmatdaşlygy ösdürip boljak, oba hojalygyň köp ugurlary bar”- diýip aýtdy.
Duşunjeli, şeýle hem bu gepleşikleri mundan beýläk-de dowam etdirmek we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki taraplaryň görkezen islegini we höwesini belläp geçdi. Ol Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine türk wekiliýetini kabul edeni we okuw maslahatyny geçireni üçin minnetdalygyny bildirdi, şeýle hem türk wekiliýetine tejribesini paýlaşany üçin minnetdarlygny bildirdi.
Saparlaryň we okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen çekişmeler Türkmenistanyň soňky ýyllarda hasyl ýygnamak prosesini mehanizmleşdirmek usulyna geçmek arkaly pagta önümçiligini gowulandyrmakda uly öňegidişlikleri gazanandygyny görkezdi. Ýurduň bu pudakda möhüm tejribe toplandygy äşgärdir, bu bolsa beýleki ýurtlara peýdaly bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, oba hojalyk önümlerini öndürmek tehnikasyny gowulandyrmak, işgärlere tälim bermek we hasyl ýygymynyň mehanizmleşmegine uýgunlaşdyrylan pagta görnüşlerini ösdürmek arkaly pagta önümçiligini, şeýle hem gowaça ýygymyny mehanizmleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Türkiýeniň hünärmenleri bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny aýtdylar we FAO-ny bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goldawyny bermäge çagyrdylar.
SALGYLAR:
Pagta: Bazarlar we söwda
Pagtanyň durnukly önümçiligi - oba hojalygynyň ösüşiniň esasydyr
Dünýä bazarynyň we pagta syýasatynyň soňky ugurlary we geljegi
HABARLAŞMAK ÜÇIN:
KIVANÇ ÖZCAN
Aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen
FAO Türkiye
Žurnalistler we redaktorlar üçin:
Surat, audio we wideo materiallar üçin habarlaşyň: (+39) 06 570 53625 ýa-da FAO-newsroom@fao.org.
Onlaýn gurallar:
Wideo materiallary ýüklemek: FAO Media Vault
Suratlar: FAOnews Flickr sahypasy
FAO onlaýn habarlary: online newsroom
FAO press relizleri RSS feed
Twitterde bizi yzarlaň: @FAOnews
FAO-niň sebitleýin wekilhanasy | 20 Kalman Imre utca, H-1054 Budapeşt, Wengriýa | (+36) 1 4612000 | www.fao.org/europe