BMG-niň Komissiýasy Ukrainada köp sanly uruş jenaýatlary, şeýle hem adam hukuklarynyň we halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň bozulandygyny ýüze çykardy
18 oktýabr 2022
- 2022-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryndan başlap, mart aýyna çenli Kiýew, Çernigow, Harkow we Sumsk sebitlerinde bolup geçen wakalar boýunça geçirilen derňewiň netijesinde, Ukrainada düzgüni bozmak boýunça garaşsyz halkara komissiýa Ukrainada bir topar söweş jenaýatlary bilen birlikde adam hukuklarynyň we halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň bozulandygy barada esas tapdy.
Ýüze çykarylan bozulmalaryň agyrlygyny göz öňünde tutup, BMG-niň Baş Assambleýasyna giňişleýin hasabatyň gelip, gowşan güni, Komissiýa günäkärleri jogapkärçilige çekmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
“Bu düzgün bozulmalaryň Ukrainanyň ilatyna eden täsiri gaty uludyr. Müňlerçe adam öldi. Infrastruktura weýran boldy." - diýip, Komissiýanyň başlygy Erik Mýose aýtdy.
Komissiýa Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hüjümine sezewar bolan ilatly ýerlerde partlaýjy ýaraglaryň bikanun ulanylan hüjümlerini resmileşdirdi. Şeýle hem, komissiýa rus ýaragly güýçleriniň gaçmaga synanyşan raýatlara hüjüm edendigini anyklady.
Ýaragly çaknyşygyň iki tarapynyň hem gür ilatly ýerlerde ýa-da bu ýerlere ýakyn sebitlerde harby obýektlerini we güýçlerini ýerleşdirip, ilaty ýa-da raýat obýektlerini hüjümleriň täsirinden goramagy başarmandygy barada mysallar hem bar.
Rus ýaragly güýçleri ýüze çykarylan düzgün bozulmalaryň köpüsine, şol sanda uruş jenaýatlaryna jogapkärdir. Käbir ýagdaýlarda, ukrain güýçleri hem halkara ynsanperwerlik kanunlaryny bozdy.
Komissiýa, rus ýaragly güýçleriniň basyp alan dört sebitinde olaryň jeza bermek, bikanun tussag etmek, gynamak, rehimsizlik etmek, zorlamak we jyns taýdan zorlugyň beýleki görnüşlerini edendiklerini hem resmileşdirdi. Mundan başga-da, adamlar tussag edildi, olaryň käbirleri bikanun Russiýa Federasiýasyna deportasiýa edildi we köpüsiniň habarsyz ýitip, gidendigi barada maglumat berildi. Jyns taýdan zorluga ähli ýaşdaky adamlar pida boldular. Maşgala agzalary, şol sanda çagalar jenaýatlara şaýat bolmaga mejbur bolýardylar.
Bu düzgün bozulmalar ilata zyýanly täsirini ýetirmegini dowam etdirýär. Pidalar adalatyň we jogapkärçiligiň möhümdigini nygtaýarlar. Ýakynlaryny ýitiren maşgalalaryň agzalary adalaty getirip, goýmagyň zerurdygyny aýtdylar.
Buçada ogly öldürilen öweý kakasy Komissiýa şeýle diýip, ýüzlendi: “Ozal men jogapkärleri tapyp, olary öldürmek isleýärdim. Emma indi men günäkärleriň kazyýet jogapkärçiligine çekilmegini we hakykatyň ýüze çykmagyny isleýärin."
Şunuň bilen baglylykda, Komissiýa netijeliligi ýokarlandyrmak we pidalara, hem-de şaýatlara zyýan ýetirmezlik üçin günäkärleri jogapkärçilige çekmek üçin halkara we milli tagallalary utgaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi maslahat berýär. Komissiýa, öz mandatyna laýyklykda, bu işlerde günäkärleri jogapkärçilige çekmegi maksat edinýär.
Komissiýa 27 şähere we şäherçä baryp görüp, 191 sany pida we şaýat bolan adamlar bilen söhbetdeşlik geçirdi. Komissiýanyň sülçileri weýran edilen ýerleri, mazarlary, tussag edilýän we gynama edilýän ýerleri, şeýle hem ýarag galyndylaryny gözden geçirdiler we köp sanly resminamalar we hasabatlar bilen tanyşdylar.
Maý rezolýusiýasynda görkezilen dört sebitde - Kiýewde, Çernigowde, Harkowda we Sumskda ýüze çykan düzgün bozulmalara aýratyn üns bermek bilen, Komissiýa mart rezolýusiýasynda beýan edilen has giňişleýin wagt, geografiki we tematiki çäklere çeşmelerini köpräk sarp eder.
Gyzyklandyrýan meseleler, seljeriş edilýän lagerlerde ýüze çykyp biläýjek düzgün bozulmalar, ogullyga/gyzlyga almak prosesini tizleşdirýän - adamlaryň zorluk bilen göçürilmegi, şeýle hem ýerli dolandyryşyň häkimiýetiniň üýtgemegi we soňky wakalaryň esasynda netijeleri has aýdyňlaşdyrýan referendumlary geçirmek ýaly meseleleri öz içine alýar.
Hasabat BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürlendi.
Komissiýanyň agzalary söhbetdeşlik geçirmek üçin elýeterlidir.
Maglumat
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam Hukuklary Geňeşi adam hukuklarynyň we halkara ynsanperwerlik hukugynyň bozulmagyny, şeýle hem bular bilen baglanyşykly jenaýatlary we Russiýa Federasiýasynyň Ukraina garşy agressiýasynyň çäginde bolup biläýjek jenaýatlary derňemek üçin Ukrainada düzgüni bozmak boýunça garaşsyz halkara komissiýany döretdi. Geňeş öz netijelerini we tekliplerini, şol sanda düzgüni bozanlary jogapkärçilige çekmek boýunça tekliplerini BMG-niň Adam hukuklary geňeşine 2023-nji ýylyň martynda hödürlemeli. Komissiýanyň agzalary Erik Mýose (başlyk), Ýasminka Jumhur we Pablo de Greýf.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça geňeşçi Saule Mukhametrahimowa, Ukrainada derňew etmek boýunça komissiýasy; Telefon: (+ 43-1) 26060-83450, mob. telefony: (+ 43-676) 3493464; elektron-poçta: saule.mukhametrakhimova@un.org.