Press reliz

Türkmen ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin hereket etmäge çagyrýarlar

25 oktýabr 2022

  • Ýaşlar maslahatynyň (COY17) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP27) 27-nji mejlisiniň öňsyrasynda, BMG Türkmenistanda Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Türkmen ýaşlaryna Türkmenistanda Howa babatynda ýaşlar maslahatyny geçirmek üçin goldaw berdi.

Gibrid görnüşinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň agzalary, Türkmenistanda DÖM-niň ýaş ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasynyň talyplary we uçurymlary, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşýän beýleki ýaş aktiwistler bilen birlikde Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen ýaş delegatlar gatnaşdy.

Bu çäre, ýaş nesliň howanyň üýtgemegine garşy alnyp barylýan göreşde esasy hyzmatdaş hökmünde tutýan ornuny nygtady we Türkmenistanyň ýaşlaryny howanyň üýtgemegi babatyndaky kampaniýalara işjeň gatnaşmaga ruhlandyrdy, şeýle hem Türkmenistana täsirini ýetirýän, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olaryň çözgüdini tapmaga mümkinçilik berdi.

Bir gün dowam eden maslahata 250-den gowrak adam gatnaşdy we öňdebaryjy hünärmenleriň, ýaş aktiwistleriň we syýasatçylaryň çykyşlaryndan we seminarlarynydan ybarat boldy. Bu ýylyň mowzugy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklara degişli boldy; daşky gurşaw taýdan arassa, durnukly we döwrebap energiýa; azyk howpsuzlygy we durnukly oba hojalyk; sarp etmegiň we önümçiligiň durnukly görnüşleri; daşky gurşaw barada bilim we terbiýe bermek, gender deňligi we howanyň üýtgemegi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ozon merkeziniň tehniki hünärmenleri bäş sany tematiki toparyň işini utgaşdyrdy.

Maslahatyň dowamynda ýaşlar howa bilen baglanyşykly milli derejede ähmiýetli mowzuklara ünsi jemläp, degişli netijeleri ara alyp maslahatlaşdylar we teklipleri işläp düzdiler, bu netijeler bolsa 2022-nji ýylda geçiriljek Howa babatynda Ýaşlaryň Global Maslahatynda (COY17) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynda (COP27) hödürlener.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

OSCE
Organization for Security and Co-operation in Europe

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz