Press reliz

Halkara Migrasiýa Guramasy adam söwdasyna garşy hereket etmek we adam howpsuzlygy boýunça okuw sapagyny geçirdi

31 oktýabr 2022

  • 2022 ýylyň 31 oktýabr – 4 noýabr aralygynda, Halkara Mirgasiýa Guramasynyň adam howpsuzlygy boýunça BMG-niň Howpsuzlygy Goramak Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýasy bilen baglynyşykly köp ölçegli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin düşünjeliligi ýokarlandyrmak we ýaşlary çekmek” boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-nyň Bilelikdäki Maksatnamasynyň çäginde Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde okuw sapaklary geçirildi.

Adam söwdasyna garşy hereket etmek, adam howpsuzlygy boýunça soraglaryna degişli ýaşlaryň bilimlerini ýokarlanmagyna we habarlylygyna gönükdirlen treninglerinde raýat jemgytine wekilçilik edýän meýletinçiler, talyplar çykyş etdiler.

Maksatnamanyň maksady, global pandemiýasynyň Türkmenistandaky sosial-ykdysady ýagdaýyna oňaýsyz täsirini peseltmek maksady bilen ýaşlaryň mümkinçiligini we gatnaşdyrylmagyny giňeltmek boldy, şeýlelik bilen “Hiç kimi geçmişde galdyrmaly däl” ýörelgesine laýyklykda ilatyň has gowşak toparlaryna aýratyn üns berildi.

Sapagyň moduly, okamagyň nazary we amaly usullarynyň üpjün edilmegine esaslandyryldy. Okuw sessiýalary döwründe, adam söwdasyna ýardam berýän faktorlaryna we öňüni alyş çäreleri esasynda olara seslenilmegine gönükdirilen netijeli we aktual başlangyçlar ulanyldy. Treningiň maksatnamasyna laýyklykda, adam söwdasy pudagy boýunça milli kanunçylyk binýadyndan alnan wajyp mysallar, adam howpsuzlygynyň baş ýörelgesiniň komponentleri, migrantlar bilen işleşmegiň ýol görkeziji esaslary we öňüni alyş çäreleriň beýleki wajyp pursatlary şöhlelendirildi.

Taslamanyň menejeri Gülşirin Annadurdyýewa, bilelikdäki maksatnamanyň adyndan tälim alan meýletinçilere şahadatnamalary gowşuryş dabaralaryň barşynda, adam söwdasynyň öňüni almakda meýletinçileriň missiýasynyň wajypdygyny, şeýle-hem öňde baryjy usullaryň ulanylmagynda maglumat ýaýratmakda we adam söwdasynyň hem-de bikanun migrasiýa howplary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp geçdi.

Maksatnamalaryň we informasion kampaniýalaryň has netijeli işlenip taýýarlamak üçin ýaşlary işjeň gatnaşyjylary hökmünde gatnaşdyrmak, ýolbaşçy ukyplaryny emele getirmek möhümdir – diýip Kasym Jumaýew – “Eko-Durmuş” Jemgyýetçilik guramasyny tehniki assistenti belläp geçdi.

Lebap welaýatynda ýerleşýän “Täze Zaman” jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçisi Ýangibaýew Babamyrat, geçirilen treningde öz ukyp başarnygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde ýaşlary taýýarlamakda geljekde ulanjak trenerlik başarnyklaryna eýe bolandygy barada belläp geçdi.

“Biziň ýurdumyzda Migrantlara we adam söwdasynyň pidalaryna goldaw bermek üçin döwletiň adam söwdasyna garşy göreşmek baradaky Kanuny we Milli Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigi örän möhümdir" diýip Daşoguz welaýatyndan treninge gatnaşan Nurmedowa Maral belledi.

Gurnalan sapaklar geljekki Daşoguz welaýatynda 10-11 noýabrynda we Lebap welaýatynda 17-18 noýabrynda geçiriljek bilelikdäki maksatnamasynyň çäginde “Derňe. Hereket et. Paýlaş” informasion kampaniýalaryna özboluşly taýýarlyga öwrüldi.

“Treningiň üstünliginiň esasy görkezijisi hyýal edilen täsiriň gazanylmagydyr, Daşoguzdaky gatnaşyjylaryndan garşydaş aragatnaşygyny alyp bu maksat ýerine ýetirildi” – diýip Rustam Geldiýew trener belledi.

“Trening döwri gatnaşyjylar hyjuwly gatnaşyjyny, höwesini we erjelligini görkezdiler, bu bolsa netijeliligiň düýbidir” diýip Türkmenabatdaky trener Hojadury Gurbanow paýlaşdy.

Geljekki informasion kampaniýalar ýaş meýletinçilere adam söwdasynyň we migrasiýanyň meseleleri barada bilimleri ýaýratmak boýunça özüniň tälimçilik we guramaçylyk ukyplaryny görkezmäge mümkinçilik berer. Şu çäreler ýaş adamlaryň adam söwdasyna garşy hereket etmek pudagyndaky kuwwatyny, şu global meselesiniň ýaýratýan haýbatlary we howplary barada maşgalalaryň habarlylygyny ýokarlandyrar.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz