ÝUNISEF we DÖM-iň ýaş ilçileri 2022-nji ýylda bilelikde ýerine ýetiren işlerine göz aýlaýarlar
DÖM-iň ýaş ilçileriniň işi özüniň üçünji ýyly, ýagny 2022-nji ýylda Türkmenistanda jemgyýetçilik bähbidi üçin öz mynasyp goşandyny goşdy.
2019-nji ýylda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan badalga berilen DÖM-iň ýaş ilçileriniň işi özüniň üçünji ýyly, ýagny 2022-nji ýylda hem Türkmenistanda jemgyýetçilik bähbidi üçin öz mynasyp goşandyny goşdy. Geçen ýyllaryň dowamynda ÝUNISEF Hökümet we BMG-niň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen birlikde çaganyň hukuklaryny ösdürmek we çaganyň abadançylygy bilen baglanyşykly klimatyň üýtgemegi we sagdyn durmuş ýörelgeleri, bilim we gender deňligi ýaly dürli mowzuklar boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak üçin DÖM-iň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Öz tagallalaryny nygtamak üçin ÝUNISEF we ýaş ilçiler öz gazanan tejribelerini ýatlaýarlar hem-de Türkmenistanda ýaşaýan çagalar üçin ýaşlaryň goşan gymmatly goşandyna şaýatlyk edýän 2022-nji ýylda bolup geçen käbir wakalary biziň bilen paýlaşýarlar.
2022-nji ýylyň oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirligi (UNDRR) we ÝUNISEF Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen birlikde Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmakda ýetilen üstünlikleri bellemek üçin Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmagyň Halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirdiler. DÖM 17 (hyzmatdaşlyk)ýaş ilçisi we DÖM-iň Ýaş ilçileriniň 3-nji toparynyň utgaşdyryjysy, Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň talyby Şükürgeldi Myradow çäräni geçirmäge işjeň gatnaşdy we irki öňüni alyş ulgamynyň wajyplygy bilen tanyşdy.
“Parahatçylygyň we innowasiýalaryň alawyny göterijiler hökmünde, ýaşlar öz goşantlaryny goşup bilerler! Mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlar bilelikde gülläp ösýän geljegi gurarlar!” diýip, Şükürgeldi Myradow aýdýar.
2022-nji ýylda DÖM-iň köp ýaş ilçileri klimatyň üýtgemegine durnukly planetany döretmegiň wajyplygy hakynda belläp geçdiler. Ýer şarynyň halkara gününde mekdep okuwçylary üçin habar beriji sapaklary geçirmek ýa-da tomusky dynç alyş merkezlerinde çagalar bilen söhbetdeş bolmak arkaly bu ýaşlar hemişe durnukly durmuş ýörelgelerini wagyz etdiler.
“Biziň planetamyzyň, daşky gurşawyň geljegi, parahatçylyk we ösüş diňe biziň şü günki hereketlerimize baglydyr”, diýip, DÖM 11 (durnukly şäherler we bileleşikler) ýaş ilçisi Kerwenmyrat Myradow belledi.
16-17-nji noýabrda Ýewropa Bileleşigi we ÝUNISEF Ýewropanyň Bilim Gaznasy (ÝBG) bilen birlikde Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky durnukly özarabaglanyşyk boýunça maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlary üçin sebit dialogyny geçirdi. Türkmenistandan DÖM-iň dört ilçisiniň arasyndan Maral Allaberdiýewa we Nowruz Nurberdiýew hem oňa on-laýn formatda gatnaşdylar we goňşy ýurtlaryň ýaşlary bilen pikir hem-de tejribe alyşdylar. Maral DÖM 4 (ýokary hilli bilim) we DÖM 8 (mynasyp iş we ykdysady ösüş) ýaş ilçisi, Nowruz bolsa DÖM 16 (arassa suw we arassaçylyk) we DÖM 5 (gender deňligi) ýaş ilçisidir. Olaryň ikisi hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okaýarlar. Maral halkara söwda ugry, Nowruz bolsa halkara jemgyýetçilik hukugy boýunça bilim alýar.
“Edil ýaňy-ýakynda maňa “Merkezi Aziýanyň ýaş sesleri” atly çärä gatnaşmak miýesser etdi we ol ýerde DÖM-iň ýaş ilçileri bolan bize beýleki ýaşlar bilen birlikde, ýaşlara degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi. Ýaşlaryň telekeçilik we döredijilik ruhy meni begendirdi. Dürli mowzuklara bagyşlanan mejlislere gatnaşmak bilen, biz klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, sanlaşdyrmany we gender deňligini ösdürmek boýunça pikirlerimizi öňe sürdik. Şu we BMG-niň birnäçe beýleki çäreleri sebäpli ýaşlar bilimlerini giňeltmäge we has durnukly durmuş ýörelgelerini ösdürmäge hem-de berkitmäge mümkinçilik alýarlar. Men bu mümkinçilikler üçin diýseň şat, şonuň üçin, hemişe bilimi artdyrmagyň wajyplygyna ynanýaryn!” diýip, Maral Allaberdiýewa belleýär. “Şonuň üçin ertirki günüň geljekki liderleri – bu uly mümkinçilikleri bolan şu günki ýaşlardyr. Biz ýaşamak isleýän durnukly ösüşimiziň ýolunda DÖM-i işjeň öňe sürmegi dowam ederis” diýip, Nowruz onuň sözüniň üstüni ýetirdi.
DÖM-iň 6-njy maksadynyň (arassa suw we arassaçylyk) ýaş ilçisi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň ikinji ýyl talyby Ýupar hem 2022-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Klimatyň üýtgemegi boýunça Türkiýäniň Ankara şäherinde Maşgalalar we durmuş gulluklary ministrligi we ÝUNISEF tarapyndan geçirilen 23-nji Halkara çagalar forumynda öz pikirlerini we başlangyçlaryny beýan etmäge mümkinçilik aldy. Ýaş gatnaşyjylar sebitde klimatyň üýtgemegini, ýaşlaryň daşky gurşawa, klimatyň üýtgemegine we ýaşlaryň hukuklaryna bolan gatnaşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
“Kiçijik ädimler uly ädimlere öwrülip biler, we olar beýlekileri hem üýtgemäge ruhlandyryp biler” diýip, Ýupar Egirjäýewa belleýär.
Ýaşlaryň gatnaşmagy we olaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly umumy mowzuga ýüzlenmek bilen, DÖM 5 (gender deňligi) ýaş ilçisi Şabibi Bäşimowa şeýle diýýär: “Maňa ýurdumyzyň iň parlak zenanlarynyň käbirleri bilen tanyşmak bagty miýesser etdi. Zenanlaryň we gyzlaryň şeýle güýçliligi we täsin galdyryjylygy meni diýseň haýran edýär. Gender deňligi boýunça DÖM-iň ilçisi hökmünde, 2023-nji ýylda men öz maksatlarymy mundan beýläk hem öňe sürmek we ýurdumyzda her bir gyzyň öz gadryny bilmegini we iň gowy zatlary gazanmagyny üpjün etmek üçin ähli tagallalary ederin”.
Ýaşlary çärelere gatnaşmaga höweslendirmekden başga-da, 2022-nji ýylda ÝUNISEF aragatnaşyklar, maglumatlar we bahalardyrma ulgamynda hem ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga üns berdi we bu bolsa ýaşlaryň sesleriniň has güýçli bolmagyny hem-de faktlara esaslanmagyny, şeýle-de olaryň ýaşdaşlarynyň arasynda we jemgyýetde görelde bolmagyny üpjün edýär. Ýaşlar pikirlerini beýan edýärler we gündelik işlerinde maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny goramakdan başlap, gender deňligini ösdürmek we daşky gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamak ýaly ugurlarda DÖM-e ýetmek üçin çäreleri görýärler. Hökümetiň bu ýylyň resmi şygaryny “2023 - Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edenligi üçin, ÝUNISEF hem 2023-nji ýylda DÖM-iň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlyk etmegini dowam eder we şeýlelikde, ýurtda her bir çaganyň geljegi üçin goşant goşmaga olaryň mümkinçiliklerini giňelder.