Ýurduň diplomatik wekilhanalarynyň we ýewreý jemgyýetiniň wekilleri, şeýle çäreleriň pida bolanlara we diri galanlara hormat goýmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. Olar, “Holokostyň pidalary we diri galanlar barada taryhy ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi, şeýle-de bu barada giňişleýin öwrenmek we olary ýatlamak, häzirki döwürde bu pajyganyň pidalarynyň ykbalyny, şeýle hem dezinformasiýany we taryhyň ýoýulmagyny öz içine alýan antisemitizmiň täsirini şöhlelendirýär. Pidalaryň ykbalyna ünsi jemlemek, ýigrençli sözlere, antisemitizma we öňden dörän ters pikire garşy göreşmek - genosidiň öňüni almak üçin elimizden gelenini etmek biziň adamkärçiligimizi we jogapkärçiligimizi ýatlamaga itergi berýär.
Maslahatdan we aýdym-saz çykyşyndan soňra, gatnaşyjylar Holokostyň çagalara ýetiren täsirini görkezýän "Kebelek taslamasy: Holokostyň çagalarynyň hatyrasyna" atly surat sergisini gördüler. Bu taslama, ýaşlara taryhy öwretmek we pida bolan 1,5 million çagany ýatmak hem-de ýigrenje we öňden dörän ters pikirlere garşy göreşmek maksady bilen Hýustonda ýerleşýän Holokost muzeýi tarapyndan işlenip düzüldi.
“Holokosty ýatlamak, ony ara alyp maslahatlaşmak we bu barada öwrenmek - diňe bir geçmiş barada biziň düşünjämizi giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem ol, genosidiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biljek häzirki zaman antisemitizm, ksenofobiýa we ýigrenjiň beýleki görnüşleri barada hem habardarlygy ýokarlandyrmak üçin hem möhümdir." - diýip, BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.