Hökümetiň, BMG-niň we onuň gaznalarynyň hem-de maksatnamalarynyň, halkara guramalarynyň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri bolan 80-den gowrak ýokary derejeli gatnaşyjy bu çärä gatnaşyp, gepleşikler arkaly parahatçylygy ösdürmäge goldaw berýändiklerini aýtdylar.
Bu ýokary derejeli forum, BMG-niň ähli agza döwletleriniň biragyzdan kabul eden we 2023-nji ýyly “Dialog - parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara ýyly” hökmünde yglan eden, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky 77/32 kararynyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin geçirildi.
Çykyş eden ýokary derejeli myhmanlar dialogy parahatçylygyň kepili hökmünde ösdürmek baradaky garaýyşlaryny, Dialog - parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara ýylyny geçirmek baradaky tekliplerini paýlaşdylar, şeýle hem parahatçylygyň medeniýeti ugrunda Halkara jarnamany we Hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen meýilnamalar barada maglumat berdiler.
“Häzirki wagtda biz dünýäniň ýüzündäki dartgynlylygyň ýokarlanýandygyna şaýat bolýarys. Global pandemiýa we ondan soň ykdysady ösüşiň haýallamagy hem-de ösüp barýan proteksionizmiň döredýän kynçylyklary durnukly ösüş, parahatçylyk we abadançylyk üçin halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine ýaramaz täsir etdi" – diýip, BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
Forumyň ahyrynda Dialog - parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara ýylyny geçirmek üçin Ýol kartasy kabul edildi, onda halkara jemgyýetine itergi bermek, şeýle hem halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy we dialogy ösdürmek, ikitaraplýyn ylalaşyk we hyzmatdaşlyk esasynda syýasy gepleşikleri güýçlendirmek, durnukly ösüşi, jebisligi we ylalaşygy gazanmak ýaly ugurlara gönükdirilen birnäçe meýilleşdirilen çäreler, halkara we sebitleýin forumlar, çekişmeler, sport we ýaşlar üçin çäreler beýan edilýär.