BMG-niň hünärmenleriniň Arkadag şäherine sapary tamamlandy
28 fewral 2023
BMG-niň missiýasy täze Arkadag şäherine baryp görmek we öz mandatlaryna esaslanyp onuň ösüşini gözden geçirmek we baha bermek üçin Türkmenistana geldi.
BMG-niň ilaty ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat), BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (ÝUNIDO), BMG-niň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (ÝUNEP) we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we sosial meseleleri boýunça komissiýasynyň wekillerinden ybarat bolan missiýasy (UNESCAP) täze Arkadag şäherine baryp görmek, öz mandatlaryna esaslanyp onuň ösüşini gözden geçirmek we baha bermek üçin Türkmenistana geldi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň haýyşy boýunça, missiýanyň maksady Arkadag şäheriniň meýilnamasyny, onuň durmuşa geçirilişini we dolandyrylyşyny gözden geçirmek, şeýle hem Şäherleriň ösüşi boýunça täze maksatnamany ornaşdyrmaga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goldaw bermek üçin milli ülňülere laýyklykda teklip edilýän ýerli goşantlary gözden geçirmek boldy. Mundan başga-da, missiýa şäher ösüşiniň indiki tapgyrlaryny gowulandyrmak, şeýle hem sanly we ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly sanly öwrülişikler we päsgelçilikler bilen birlikde şäheriň ösüşi boýunça başlangyçlar babatynda teklip bermek barada haýyş edildi.
Missiýanyň dowamynda bilermenler BMG-niň Ösüş ulgamynyň kärdeşleri we degişli milli Hökümet edaralarynyň işgärleri, şeýle hem Hökümet edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Mundan başga-da, ýerli häkimiýetleriň wekilleri bilen deslapky duşuşyklardan soň, obýektlara iki gezek baryp görmegiň dowamynda hünärmenler Arkadag şäherinde daşky gurşaw we ykdysady taýdan amatly, şeýle hem tebigy betbagtçylyklara çydamly we durnukly şäher ösüşi üçin innowasiýalar bilen üpjün edýän prosesler, gurluşyk usulyýeti we mehanizmleri bilen tanyşdylar.
Hünärmenler, Şäherleriň ösüşi boýunça täze maksatnamanyň täze Arkadag şäherinde ornaşdyrylmagyny üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin ony iň oňat tejribe hökmünde sebitde we dünýäniň ýüzünde paýlaşmak üçin tagallalary etmegi maslahat berdiler. Türkmenistanyň “akylly”, uglerod zyňyndysyz we durnukly şäher ösüşine bolan çemeleşmesi, onuň adamlara gönükdirilmegi bilen tapawutlanýar, şeýlelik bilen daşky gurşawy goramak bilen birlikde hemmeleriň has gowy durmuşda ýaşamagyna goşant goşýar. Hususan-da, BMG-niň hünärmenler döwrebap sanly tehnologiýalary we Dördünji Senagat rewolýusiýasynyň infrastruktura, daşky gurşaw we ykdysady ösüş üçin ähli taraplaryndan peýdalanyp, durnukly "akylly şäheri" döretmek ugrunda Türkmenistanyň edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler.
BMG-niň gatnaşyjy guramalary tehniki missiýanyň netijelerini paýlaşarlar we Şäherleriň ösüşi boýunça täze maksatnama we Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda Arkadag şäheriniň gurluşygyny netijeli durmuşa geçirmek üçin tekliplerini bererler; Arkadag şäherini durmuşa geçirmek üçin edilen tagallalar tutuş ýurt boýunça şäherleriň ösüşine ylham bermelidir.
Türkmenistanyň Durnukly şäherleşme boýunça BMG-Habitatyň dostlar toparyna we Şäherleriň ösüşi boýunça täze maksatnama goşulandygyny, şeýle hem Türkmenistanda inklýuziw, ygtybarly we durnukly şäherleri we jemgyýetleri döretmek boýunça bilelikdäki başlangyçlarda hyzmatdaşlyk etjekdigini hem belläp geçmegimiz möhümdir.