Press reliz

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2396 (2017) Rezolýusiýasyna laýyklykda deslapky derňew işleri we serhetara derňewi işleri ýaly usullaryň ulanylmagyny giňeltmek

23 oktýabr 2019

  • “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2396 (2017) Rezolýusiýasyna laýyklykda deslapky derňew işleri we serhetara derňewi işleri ýaly usullaryň ulanylmagyny giňeltmek” temasy boýunça milli seminar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabry aralygynda geçirildi

Seminar BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Terrorçylygyň öňüni almak boýunça bölümi, Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ofisi we Türkmenistanda Maksatnama ofisi tarapyndan guraldy. Bu seminar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2396 (2017) Rezolýusiýasyna laýyklykda terrorçylyk bilen baglanyşykly milletara we serhetara howplara garşy durmak maksady bilen derňew işlerini geçirmekde we hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Merkezi we Günorta Aziýanyň, şeýle-de Demirgazyk Afrikanyň ýurtlary üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam bermäge gönükdirilen maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäginde geçirildi.  

Seminara daşary ýurtly terrorçylaryň serhetara hereketleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle-de terrorçylyk bilen baglanyşykly işlere baş goşan adamlary ýüze çykarmakda, olara gözegçilik etmekde we çäre görmekde mümkinçilikleri güýçlendirmek maksady bilen gulluklaryň içinde we gulluklaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin 42 sany adam, şol sanda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri we halkara hünärmenler gatnaşdy.

INTERPOL, Halkara Raýat awiasiýasy guramasy, Halkara Migrasiýa guramasy, ÝHHG, Birleşen Şalyk we NJBM tarapyndan wekilçilik edýän hünärmenler öz tejribesini we öňdebaryjy dünýä tejribäni paýlaşdy. Daşary ýurtly terrorçylary ýüze çykarmagyň we olary tapmagyň halkara hukuk çäklerinde öňdebaryjy tejribäniň häzirki mysallaryna we ýagdaýy öwrenmek bilen baglanyşykly mysallara, şol sanda terrorçylyga garşy göreş we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek şertlerinde maglumatlar binýatlaryny we gözegçilik ediş sanawlaryny ulanmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Vepa Rasulov

UNODC
National Programme Officer

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz