Türkmenistanyň täsirli zenanlary gender deňligini öňe sürmek, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin çykyş edýärler
Soňky onýyllyklarda gender deňligini gazanmak ugrunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.
Soňky onýyllyklarda gender deňligini gazanmak ugrunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy, ýöne dünýäniň ýüzünde aýallar we gyzlar häzir hem durmuşyň dürli ugurlarynda öňki ýaly kynçylyklary başdan geçirýärler. Dünýäniň ýüzünde henizem gender deňligini, ähli aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramagy we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi talap edýän Durnukly ösüşiň 5-nji maksadyna (DÖM) 5 ýetmek mümkin däl. Bu global maksada ýetilmezlik, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik döreder.
Aýal-gyzlara köplenç "ejiz" hökmünde garalýar. Adatça, olara maşgala ojagynyň goraýjylary, gelinler, şeýle hem maşgala, çagalara we öý hojalygyna ideg edýän eneler ýaly gender orunlary berilýär. Aýal-gyzlar köplenç durmuşyň ykdysady, sosial, syýasy, tehnologiki we sanly ugurlaryna gatnaşmaýarlar. Olaryň öýde edýän ideg işlerine henizem töleg edilmeýär. Bu ýaýbaňlaşyp giden gender deňsizligi, eýýäm bar bolan ykdysady we sosial deňsizlikleri artdyrýar, bu bolsa batly depginde özgerýän tehnologiýalar dünýäsinde aýal-gyzlary has gowşak edip görkezýär.
Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň käbir örän işjeň we batyrgaý zenanlary, kanunlara laýyklykda öz ähli adam hukuklaryndan doly we deň derejede peýdalanmaga hukugynyň bardygyny tassyklap, bu ýagdaýy kabul etmek bilen ylalaşmaýarlar.
Olaryň gazanan üstünliklerini görkezmek üçin Halkara Zenanlar güni mynasybetli BMG Türkmenistanda aýal-gyzlaryň Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda innowasiýa, tehnologiýa, bilim, işewürlik, metbugat we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini görkezmek üçin zenanlar bilen gepleşik geçirdi. Gepleşik aýal-gyzlara tejribe alyşmaga, päsgelçilikler barada pikir alyşmaga, kynçylyklara garamazdan üstünliklerini belläp geçmäge we beýleki aýal-gyzlary ruhlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň müdirligi, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we Halkara Migrasiýa Guramasy bilen bilelikde hökümet edaralaryndan we diplomatik jemgyýetlerinden zenan ýolbaşçylary çykyş etmäge çagyrdylar. Olar ýurduň ösüşi üçin zenanlaryň hukuklaryny goramagyň we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti barada söhbet etdiler. Olaryň aşakdaky aýdyp geçen sözleri, BMG-niň mejlisler zalyndaky aýal-gyzlara öz maksatlaryna ýetmekde güýçli ynam döretdi.
"Gender deňligi Türkmenistanda ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir we ýurdumyz durmuşyň sosial, syýasy we ykdysady ugurlarynda gender deňligini gazanmakda ägirt uly öňegidişlikler gazandy" – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mähri Bäşimowa aýtdy.
"Umytsyz ýagdaýda, güýçli boluň, başarnyklaryňyzy ösdüriň, öňüňizde bir maksat goýmaň, täze mümkinçilikleri gözläň. Eger men ilçi bolup bilmedik bolsadym, onda men öňümde başga maksat goýardym. Zenanlaryň örän köp ajaýyp mümkinçilikleri bar.” – diýip, Fransiýa Respublikasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Isabel Gisnel aýtdy.
Soňra myhmanlara söz berildi. Öz beýanlarynda olar öz üstünlikleri bilen baglanyşykly kynçylyklary bilen paýlaşdylar.
Şabibi Osmanowa, Reabilitasiýa merkeziniň tiflopedagogy.
“Men çaga döwrümden bäri görüş ukybym sebäpli başymdan kynçylyklar geçirýärin, ýöne bu maňa uniwersitetde okamak we mugallym bolmak arzuwymy amala aşyrmaga päsgelçilik bermedi. Men mekdepde okaýarkam, elmydama okuwymy dowam etdirmek isleýändigimi aýdýardym, ýöne muny başaryp biljekdigime hiç kim ynanmaýardy, sebäbi meniň gözümiň görüş ukyby gün-günden pese düşýärdi we maňa okamak we ýazmak kyn düşýärdi. Men Maksim Tank adyndaky Belarussiýa Döwletiniň Pedagogika Uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen bilim fakultetine girdim. Men, görüş ukybynyň näsazlygy bolan ýeke-täk talypdym. Okuwumyň birinji ýylynyň ahyrynda meniň göz keselim beterleşip başlady we talyplyk ýyllarymda meniň gözüme köp operasiýalar edildi. Ýöne bu hem maňa okuw okamaga päsgelçilik bermedi. Meniň mugallym-defktolog bolmak üçin geçen ýolum kynçylyklardan we päsgelçiliklerden dolydy, ýöne men yza gaýtadym. Iň esasy zat, özüňe ynanmak."
Yanyl Kujukbaýewa, düwnük keseliniň öňüni alyş bölüminiň müdiri, medisina ylymlarynyň doktory.
“Zenanyň saglygy we abadançylygy diňe bir maşgalasynyň saglygy üçin däl, eýsem jemgyýetiň saglygy üçinem esas döredýär. Şonuň üçin zenanlaryň saglygyna maýa goýmak bilen, biz ýurduň geljekde gülläp ösmegine maýa goýýarys."
Irina Imamkuliýewa, "Bitarap Türkmenistan" gazetiniň žurnalisti.
“Meniň hiç wagt žurnalist bolmak pikirim ýokdy. Men Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlanymdan soňra, ol ýerde galyp, mugallym bolup işe başladym. Men ylmy-barlag işlerini geçirýärdim, makalalar ýazýardym, doktorlyk dissertasiýanyň üstünde işleýärdim we 1996-njy ýylda ony üstünlikli goradym. Men gazetde 2001-nji ýylda işe başladym we maňa ilkinji berlen iş - Türkmenistanyň ilkinji prezidenti tarapyndan ýazylan "Ruhnama" kitaby barada makala taýýarlamakdy. Maňa diňe köp ýyllaryň tejribesi gyzykly makala çap etmäge ýardam etdi. Şondan bäri iki onýyllyklar geçdi, dürli mowzuklarda ýüzlerçe makala ýazyldy we men henizem öz alyp barýan işimi halaýaryn. Hünärde üstünlikleri diňe dürli ugurlarda öz-özüňi ösdürmek we zähmet çekmek arkaly ýetip boljakdygyna çuňňur ynanýaryn."
Aýnabat Begjanowa, konsalting kompaniýasynyň eýesi.
“Hususy işewürlik merkezimi açanymda iň çylşyrymly zat, işewürligi ýola goýmagyň ähli tapgyrlarynda özümiň gatnaşmagym we agyr işlemegim boldy. Şol bir wagtyň özünde, men ideg we köp ünsi talap edýän çagalaryň enesi hökmünde öz borjumy ýerine ýetirmelidim. Ýöne päsgelçilikleri garamazdan, men ähli kynçylyklara ýeňip geçip, üstünlik gazanmagy başardym. Hiç wagt başarnygyňyza şübhelenmäň we hiç wagt özüňizi pes görmäň. Zenanlar güýçlidir! Olar - eneler, maşgala ojagyjyň goraýjylary we köp owadan zatlaryň döredijileri. Eger siziň pikirleriňiz bar bolsa, soňundan ökünmez ýaly, olary durmuşa geçiriň!"
Mähri Klyçewa, TechWomen.
“Meniň elmydama geljekki nesillere bilim we tejribe bermek arzuwym bardy we şonuň üçin men çagalar bilen robot we Scratch programmirleme ugrunda işläp başladym. Ilkibaşda, men şowsuzlykdan gorkýardym we köp şübhelenýärdim, sebäbi bu ugurda meniň tejribäm ýokdy. Ýöne wagtyň geçmegi we agyr zähmetim bilen men ynam gazandym hem-de USAID-yň we Ykdysadyýetçiler bileleşiginiň sanly ukyp boýunça ilkinji tassyklanan zenan tälimçisi boldum. Eger pikiriňiz bar bolsa, ony ösdüriň we ol size durmuşyňyzy gowy tarapa öwürmäge mümkinçilik berer. Bu netije bermese, gaýtadan synanyşyň."
Bu ylham beriji hekaýalar, çäräniň dowamynda aýdylan hekaýalaryň birnäçesidir. Bular çäräniň dowamynda we mejlisler zalynyň daşynda gatnaşyjylaryň arasynda gyzgalaňly söhbetdeşlik döretdi. Durmuşyň dürli gatlaklaryndan gelen takmynan 80 gatnaşyjy ýygnakda eşiden hekaýalaryny öz jemgyýetlerinde ýaýratmalydygyna borç bilen gaýtdylar. Şeýle hem, olar tutuş ýurt boýunça aýal-gyzlaryň hukuklaryny öňe sürmekde we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmekde öz orunlaryny tutmak kararyna geldiler.
Çäreden öň, sungat we senetçilik sergisi, zenalar we maýyplygy bolan zenanlar tarapyndan döredilen döwrebap lybaslar sergisi geçirildi. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş talyplary tarapyndan işlenip düzülen ýokary tehnologiýaly çözgütler görkezildi. Eksponatlar - aýallaryň we gyzlaryň bilimleri, başarnyklary we başlangyçlary arkaly nähili döredijilikli we öndürijilikli bolup biljekdigini görkezdi.