Press reliz

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdiriş işini özgertmek

14 noýabr 2019

  • Birleşen milletler guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli döwür üçin has giňeldilen Gün tertibiniň hem-de Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlara ýetmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmek boýunça gepleşikleriň başyny başlady. Duşuşygyň esasy maksady saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmegiň bütindünýä we sebitleýin mümkinçiliklerini gözden geçirmekden we Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdiriş işini özgertmek ugrunda hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşmakdan ybaratdy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi geçirip, oňa BSGG-nyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa guramasynyň, NJBM-niň wekilleri, şeýle-de milli hyzmatdaşlar, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary ykdysady-iş bankynyň we Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmegiň esasy ýörelgeleri, saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdiriş işini özgertmekde Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitleriniň tejribesi, şeýle-de saglygy goraýyşda we çagalar üçin iýmit ulgamynda maýa goýumlaryň orny we maliýe serişdelerini dolandyrmagyň umumy ýörelgeleri, şol sanda BMG-niň wekilleri tarapyndan işlenilip düzülen netijelere esaslanan býužet ulgamy we çykdajylaryň orta möhletli maksatnamasy barada maslahatlaşdy.

“Türkmenistanda BMG-niň ulgamy Türkmenistanyň geljekki ösüşine we tutuş ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmekde, şeýle-de saglygy goraýyş işini maliýeleşdiriş syýasatyny işläp düzmekde we mümkinçilikleri giňeltmekde  goldaw bermäge taýýar” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

Saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça Iş toparyny döretmek barada ylalaşyldy. Bu Iş topary özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny derňär we saglygy goraýyş işini maliýeleşdirmek pudagynda geljekki özgeriş syýasatlary üçin binýady döreder.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz