Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

15 dekabr 2023

14-nji dekabr 2023 ý. Aşgabat ş. - BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) 2023–2024-nji ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli işleriň Bilelikdäki meýilnamasyna gol çekdiler. Meýilnama şu ýylyň başynda taraplaryň arasynda gol çekilen özara düşünişmek boýunça Ähtnamany ýerine ýetirmek üçin gol çekildi. Bu strategiki hyzmatdaşlyk 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişini tizleşdirmegi maksat edinýär. 

Meýilnamada hususy sektoryň alyp barýan işiniň milli ileri tutlýan ugurlara hem-de 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine we Durnukly Ösüş Maksatlaryna laýyklykda alnyp barylmagy, şeýle-de bu ugurda halkara tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary elýeter etmek boýunça degişli anyk çäreler görkezilen. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan hususy telekeçilik bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça işleri artdyrmaga gönükdirilen.

Öz çykyşynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko “Iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlenýändigini subut edýän bu meýilnama gol çekilmegi BMG-niň Ýurt boýunça topary üçin örän ähmiýetli. Biz TSTB-niň DÖM-na ýetmek üçin goşýan goşandyna ýokary baha berýäris” diýip belledi. 

Sözüne dowam edip, jenap Şlapaçenko hususy telekeçiligiň ösüşini öňe sürmekdäki hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekdäki ornunyň örän möhümdigini, şeýle-de BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň TSTB-ne we Türkmenistanyň hökümetine bu ugurda goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gol çekişmek dabarasynyň ahyrynda taraplar diňe bir meýilnama gol çekmek bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanda durnuklylygy we gülläp ösüşi has hem pugtalandyrmak boýunça işlere türkmen halkynyň hem işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny bellediler.

***

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi barada:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) – esasy işi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

2019-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanuny Birleşmäniň işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär.

Şu günki günde TSTB-niň agzalarynyň sany 29 müňden geçdi.

https://www.tstb.gov.tm/

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz