Press reliz

BMG-niň Türkmenistandaky Agentlikleri adam hukuklary we inklýuziwlilik boýunça çäre geçirdiler

18 dekabr 2023

15-nji dekabrda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasy we “Ýenme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde ýylyň jemleýji çäresini geçirdi. Bu çäre Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna we Maýyplygy bolan adamlaryň Halkara gününe bagyşlanyp geçirildi. Çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş aktiwistler, şol sanda maýyplygy bolan ýaş aktiwistler hem gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar interaktiw wiktorina gatnaşmak arkaly Adam hukuklarynyň älhliumumy Jarnamasy we Maýyplaryň Hukuklary baradaky Konwensiýa baradaky bilimlerini görkezdiler.

Mundan başga-da BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Adam hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary mekdebiniň uçurymlaryna okuwy üstünlikli tamamlandyklary barada şahadatnama gowşuryldy.

***

BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň Adam hukuklary we maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary mekdebiniň okuwy 2023-nji ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz