COP29-a taýýarlyk: howanyň üýtgemegine goşant goşýan türkmen ýaşlarynyň ugry Dubaýdan Baku-a tarap
COP28-iň başlyklygyny COP29-y kabul etjek Azerbaýjana geçirmek dabarasy
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikde Bütindünýä Daşky Gurşaw Gününe, geçen ýylky Howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýanyň (COP28) jemine we şu ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçiriljek COP29-a taýýarlyk işlerine bagyşlanan çäre geçirdi.
Bu çäre, COP28-iň başlyklygynyň Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. Şeýle hem COP28-iň netijeleri we ýaşlary COP29-da karar bermek işine çekmek hem gözden geçirildi.
Bu çärä BMG-ni[ ýurt boýunça toparynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasynyň, diplomatik korpuslaryň wekilleri, milli hyzmatdaşlar, ýaş DÖM-iň ilçileri we eko-aktiwistler gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler - BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa – bilelikdäki işleriň möhümdigini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky ygrarlylygy güýçlendirmegi nygtadylar.
Açylyş dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda durnukly çözgütleri öňe sürmekde we global hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bilimiň we diplomatiýanyň orny barada belläp geçdi.
Şeýle hem, maslahatda Gülşat Aýydowa ýaşlaryň başlangyçlary üçin strategiki esas döretjek 2024-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde geçirlen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (LCOY) beýannamasy bilen tanyşdyrdy. LCOY2023-e gatnaşanlar bahasyna ýetip bolmajak tejribelerini, öwrenen sapaklaryny we geljekde global klimat sammitlerine gatnaşmak üçin näme edip biljekdigini paýlaşdylar.
“Dubaýa aýak basan pursatymyzdan başlap, ýaşlar maslahatynyň joşgunly atmosferasyna çümdük, özara gatnaşyga, öwrenmäge we hyzmatdaşlyga taýýardyk. COY18-de howanyň üýtgemeginiň milli mesele däl-de, global meseledigine düşündim. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlar bilen bilelikde işläp, üýtgeşiklik döredip biljekdigimiz mende umyt we ynam döretdi. Bilelikde öwrendik, pikirlerimiz bilen paýlaşdyk, strategiýalaryň üstünde işledik. COY18-de geçirilen seminarlar we pikir alyşmalar maňa howany goramak hereketleriniň has täsirli tarapdary bolmak üçin başarnyklary we bilimleri berdi. Alan bilimimi durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.” – diýip DÖM-iň ýaş ilçisi Maral Allaberdyýewa tejribesini paýlaşdy.
Çäräniň esasy wakasy, COY18-e gatnaşan türkmen wekilleriniň tejribelerini we täsirlerini öz içine alýan wideo, şeýle hem COY18-e we COP28-e gatnaşanlaryň alan sapaklaryna baha bermek boýunça oýlanyşykly pikir alyşma boldy.
Geçen ýyl, üç sany - Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda we jemleýji Aşgabat şäherinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde gurnalan çäreler Global Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahaty (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) bilen jemlenipdi. Ol ýerde türkmen ýaşlary öz innowasion çözgütlerini we wagyz-nesihat işlerini görkezdiler. Bu ýyl esasy üns DÖM-iň ýaş ilçilerine, talyplara we eko- aktiwistlere gönükdirildi, olar netijeli durmuşa geçirilmegi üçin öňki maslahatlarda teklip edilen çözgütleriň takyklanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar şu ýyl Baku şäherinde geçiriljek COP29-da karar kabul etmek işlerine ýaşlaryň gatnaşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi dowam ederler. Türkmen ýaşlarynyň öňki COY18-e goşan goşandy oňyn özgerişlere we durnukly geljegi emele getirmäge isleglerini görkezýär.