Press reliz

BMG-niň Ýurt derňewiniň netijeleri Durnukly Ykdysadyýet we Maliýe iş toparynyň ýygnagynda hödürlendi

24 mart 2025

Türkmenistan, Aşgabat – 2025-nji ýylyň 20-nji marty – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Durnukly Ykdysadyýet we Maliýe (SEF) iş toparynyň ikinji utgaşdyryş ýygnagyny bilelikde geçirdiler. Bu ýygnaga Türkmenistan Hökümetiniň, diplomatiki korpusyň we halkara hyzmatdaşlarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda ýurdumyzda durnukly ykdysady we maliýe ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň we açyk gepleşikleriň ilerledilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Duşuşykda gatnaşyjylara SEF iş toparynyň häzirki we meýilleşdirilýän başlangyçlary, uzak möhletleýin, inklýuziw ykdysady ösüşi gazanmak we ýurtda maliýe durnuklylygyny berkitmek boýunça strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy pursatlarynyň biri BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysadçysy jenap Wladimir Waletkanyň çykyşy boldydy. Ol ýaňy-ýakynda taýýarlanan BMG-niň Ýurt boýunça derňewiniň netijelerini hödürledi. Çykyşda Türkmenistanda gazanylan oňyn durmuş-ykdysady ösüşler bellenilip geçildi, şeýle hem inklýuziw ösüşe päsgel berýän esasy meseleler kesgitlenildi. Bu maglumatlar toparyň geljekki meýilnamalaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem jenap Waletka BMG bilen bilelikde taýýarlanan Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde boşluklar boýunça seljermäniň netijelerini hem paýlaşdy. Seljermä görä, Türkmenistanyň 2026–2030 ýyllarda DÖM boýunça milli borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin goşmaça 46,1 milliard manat (13 milliard ABŞ dollary) möçberinde döwlet serişdelerine zerurlyk bar. Bu ýyllyk Jemi içerki önümiň (JIÖ) 2,8%-ine barabar. Ol bu kynçylyklary ýeňip geçmek we täze ösüş mümkinçiliklerini açmak üçin BMG-niň Hökümet we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki çärelerini hem beýan etdi. BMG-niň ösüş taslamalary üçin durnukly we çeýe maliýeleşdirmegi üpjün edýän möhüm gural hökmünde BMG-niň “Maliýeleşdiriş Ylalaşygy” gatnaşyjy ýurtlaryň wekilhanalaryna hödürlenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasy: ileri tutulýan ugurlar we maýa goýumlar hem-de geljekki ösüş üçin esasy strategiýalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak boýunça alyp barýan işleri bilen baglanyşykly başlangyçlara seredildi. Bu ädim ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna giňden goşulmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Netijede, SEF iş toparynyň ikinji utgaşdyryş ýygnagy BMG-niň, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň hökümetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşygy pugtalandyrmakda we “Maliýeleşdiriş Ylalaşygynyň” ýerine ýetirilmeginde möhüm platforma boldy. Ylalaşyk boýunça borçnamalaryň BMG agza ýurtlary we degişli guramalar tarapyndan dürli derejelerde ýerine ýetirilmegi kabul edildi. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň, syýasy innowasiýalaryň we bilelikdäki hereketleriň Türkmenistanda durnukly ykdysady we maliýe ösüşe itergi berýändigi nygtaldy. Bu bolsa ýurduň inklýuziw ösüşine we halkara ykdysady ulgamyna has giň integrasiýasyna ýardam eder.

 

*Netijeler hökümet bilen Türkmenistan maýa goýum forumynda (2024-nji ýylyň sentýabr aýy) we 2024-nji ýylyň dekabrynda UNSDCF dolandyryş komitetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, aşakdaky faýllara serediň:

  1. Ýurt boýunça umumy seljerme 2024, Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde
  2. Ýurduň umumy derňewiniň täzelenen nusgasy, 2024ý
  3. Hiç kim ünsden düşmeli däl
  4. Türkmenistanda DÖM-i maliýeleşdirmegiň boşluklary
  5. BMG-niň “Maliýeleşdiriş Ylalaşygy” (Funding Compact)

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

EOUS
Embassy of United States

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz