Press reliz

Türkmenistan we BMG Durnukly ösüş hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

28 mart 2025

Türkmenistan, Aşgabat, 2025-nji ýylyň 27-nji marty - Şu gün, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrundaky 2021–2025-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki iş toparlarynyň ýygnagyny üstünlikli geçirdi.

Surat: © UN RCO Turkmenistan

Duşuşygyň dowamynda bäş ýerine ýetiriş toparlarynyň ýolbaşçylary 2025-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalarynyň taslamasyny hödürlediler. Mundan başga-da, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň Ösüş Maliýe we Hyzmatdaşlyk boýunça hünärmeni, Durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň Maliýe meýilnamasy bilen çykyş etdi.

Duşuşyk Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ugrundaky 2026–2030-njy ýyllar aralygynda hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Maksatnamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen tamamlandy.

Enar Berdiýewa

RCO
Sanly aragatnaşyk

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz