Press reliz

BMG-yň ýurtda işleýän topary we Türkmenistanyň diplomatiki wekilleri BMG-yň 75 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bilelikde bellemegi ara alyp maslahatlaşdylar

20 dekabr 2019

  • Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň BMG-yň Nýü-Ýork, Ženewa we Wena boýunça hemişelik wekilleri bilen BMG-yň 75 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bilelikde bellemek boýunça duşuşyk geçirdiler.

Gatnaşyjylar BMG-yň ýaştoýuny bellemek boýunça BMG-yň global kampaniýasynyň ýörelgeleri barada habardar boldylar, şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde bilelikdäki esasy çäreleri barada pikir alyşdylar. Olara ösüp barýan deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ministrleriniň konferensiýasy 2020-nji ýylyň Mart aýynda geçirmek, 2020-nji ýylyň Maý aýynda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça seminary we 2020-nji ýylyň Dekabr aýynda Bitaraplyga bagyşlanan Halkara Konferensiýasyny geçirmek degişlidir.

 «BMG-yň Baş Sekretary dünýä liderleriniadamlaryň, ýaşlaryň pikirlerini diňlemäge çagyrýar. Onuňam maksady – dünýäniň özgertmeleri, nähili howplaryň bardygy we dünýäde ähli adamlaryň ýaşaýşyny gowylandyrmak üçin nähili çäreleri geçirmelidigi bilmek üçin”,-diýip BMG-yň Türkemnistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa belledi.

Hanym Natalýa German, BMG-yň Baş Sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa boýunça BMG-yň prewentiw (öňüni alyş) diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Ýolbaşçysy, Prewentiw diplomatiýa Akademiýasynyň taslamasynyň çäklerinde sebitde ýaşlaryň dialoga gatnaşmagy üçin täze başlangyçlar barada habar berdi we bu möhüm günleri bellemekde sebitleýin perspektiwalar barada gysgaça maglumat berdi.

BMG-yň ýurtda işleýän topary BMG-yň bu wakalary bellemekde nähili goşant goşjakdygy barada tanyşdyrdylar, onlaýn-kampaniýany göýbermek arkaly, başga maksatnama çäreleri we adamlar, esasan-da ýaşlar bilen bilen aragatnaşykda bolmak arkaly we mümkin EKSPO-2020 gatnaşmak arkaly.

2020-nji ýylyň Ýanwar aýynda BMG-yň 75 ýyllygy bellenip başlanan pursatyndan, BMG öz hyzmatdaşlary bilen serhetleriň, pudaklaryň we nesilleriň çäklerinde we daşynda işleşip başlar. Munuň maksady hem, adamlaryň has köp sanyny goşmak bolup durýar: olaryň ynamlaryny we gorkularyny diňlemek, olaryň tejribesinde öwrenmek; we olara global derejede pikir etmek we hereket etmäge mümkinçilik bermek. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz