Press reliz

BMG we Türkmenistan – parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk

15 ýanwar 2020

  • Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Hökümeti “Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylyk we ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara forumy geçirdi.

“Şu ýyl ýurdumyz bütin halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllygyny giňden bellär. Bu örän möhüm sene bolup, ol Türkmenistanyň garaşsyz taryhynda we onuň daşary syýasatynda wajyp waka” diýip, türkmen lideri belledi. Ondan başga-da, ol Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde häzirki ösüşine baha bermek üçin wagtyň ýetendigini belledi. ​

Döwlet baştutany Türkmenistan bilen BMG-niň gulluklarynyň, gaznalarynyň we maksatnamalarynyň arasynda giňelýän hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. BMG-niň ulgamyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, UNISEF-iň, BSSG-niň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň ofisiniň, UNESCO-nyň, BMG-niň Azyk we oba-hojalyk guramasynyň we BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň wekilleri wekilçilik etdi.

“Şu ýyl Türkmenistan we Birleşen milletler guramasy üçin aýratyn ýyla öwrüldi. Türkmenistan hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny bellese, BMG şanly 75 ýyllygyny bellär” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.​

Ondan başga-da, BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlerde durup geçdi we şu ýyl aşakdaky ileri tutuljak ugurlary belledi:

- Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda maliýeleşdirmäni goldamak;

-​ Durnukly ösüş maksatlary boýunça statistik hasabaty üpjün etmegi kämilleşdirmäge Türkmenistana ýardam bermek;

- Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze maksatnamany taýýarlamak. ​

​ Ýygnagyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda, BMG-niň gulluklary we olaryň milli hyzmatdaşlary ýyllyk iş meýilnamalaryna, şol sanda Betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak ugrunda işleri utgaşdyrmak boýunça hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyna gol çekdi.

Forum Daşary işler ministrliginde inklýuziw ykdysady ösüş we daşky gurşaw ugrunda hyzmatdaşlyk, adam hukuklaryny we bähbitlerini hasaba almak bilen ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlyk, inklýuziw saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ugrunda durmuş pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça ýygnaklar bilen dowam etdi.

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNCTAD
BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz