Press reliz

BACTEC tehnologiýasy boýunça inçekeseli ýüze çykarmak Ahal we Balkan welaýatlarynda hem elýeterli

25 ýanwar 2020

  • Köp dermana durnukly inçekeseli (KDD-IK) bejermek hassanyň bellenen bejergi kursundan çykmazlyk şerti bilen 20 aýa golaý wagt alýar. KDD-IK ýüze çykarmak üçin hem birnäçe aý gerek bolup biler, sebäbi adaty inçekesel bejergisini belläp, hassanyň oňa jogap berýänligini ýa-da bermeýänligini görmeli.

Mundan başga-da, barlaghana barlaglary üçin ýörite enjamlar gerek bolup, ol enjamlaryň elýeterligi KDD-IK ýüze çykarmagyň tizliginiň esasy jähtleriniň biri bolup durýar.

Munuň bilen baglylykda BMG-nyň ÖM-nyň Türkmenistanda inçekeseli barlamak we bejermek boýunça taslamasy AIDS-e, inçekesele we malýariýa garşy göreş boýunça global gazna tarapyndan maliýeleşdirilýär, inçekeseli garşy göreşmek boýunça milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär hem-de KDD-IK ýüze çykarmak we bejermek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edýär. BACTEC MGIT tehnologiýasy inçekesli barlamak we inçekesle garşy dermanlary kabul edip bilijiligi kesgitlemek üçin ulanylýar. Ozal Ahal we Balkan welaýatlarynyň barlaghanalary şeýle barlaglary geçirmek üçin nusgalyklary Aşgabatdaky milli barlaghana ugradýardylar.

 “Türkmenistanda KDD-IK döwrebap barlaglary üçin biziň taslamamyz Ahal we Balkan welaýatlarynda BACTEC MGIT enjamlaryny gurnap berdi. Bu enjamlar Ahal we Balkan welaýatlarynyň barlaghanalarynyň hünärmenlerine KDD-IK barlagy we bejergisi üçin suwuk gurşawda özbaşdak barlaglary geçirmekleri üçin zerurdyr” – diýip, taslamanyň barlaghana hünärmeni Swetlana Tomasowa belläp geçdi. 

Bu ulgamy barlaghana tejribesine girizmegiň birnäçe artykmaçlyklary bar: Lewenşteýn, ýagny Jenseniň gurşawy bilen deňeşdirilende (onda netijeleri almagyň tizligi 4-6 hepdä barabar bolup durýar) mikrobakteriýalaryň ýüze çykarylmagynyň tizligini 10-20 güne çenli, derman serişdelerine jogap berijiligi kesgitlemegiň tizligini bolsa 5-14 güne çenli gysgaldýar. Ulgam dolulygyna awtomatlaşdyrylan, howpsuz we ýylda 2700 barlagy geçirmäge ukyply bolup durýar.

“Derman serişdelerini kabul edijiligini barlamak inçekesel bilen kesellän hassalary dogry bejermek üçin ähmiýetli bolup durýar. Inçekeseli bejermek üçin adatça derman serişdelerini kabul etmegiň shemasyny belleýärler. Bellenen derman serişdeleriniň inçekeseliň mikrobakteriýalaryna gatnaşykda ýeterlik derejede ýokary işjeň bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin, her bir aýratyn hassanyň ýagdaýynda haýsy antibiotikleriň inçekesel mikrobakteriýalaryna täsir edýänligini kesgitlemek hem wajypdyr. Şeýle barlag bejergi başlamazyndan ozal we bejergi kursunyň dowamynda geçirilýär, sebäbi eger hassa derman serişdelerini arakesmeli kabul etse, ýa-da doly kabul etmese, onuň bedenindäki mikrobakteriýalar bellenen derman serişdelerine duýgur bolup başlarlar” – diýip, Swetlana Tomasowa belleýär.

Ozal diňe Ahal we Balkan welaýatlarynyň inçekesel barlaghanalarynda degişli barlaglary geçirmek mümkin däldi. Beýleki welaýatlarda şeýle enjamlar 2014-2015 ýyllarda gurnaldy. Netijede, 2019-njy ýyla çenli ýurduň ähli welaýatlary derman duýujylygynyň doly barlaglaryny, inçekesel barlaglaryny, inçekeselli hasallaryň bejergileriniň gözegçiligini geçirmäge mümkinçilik berýän BACTEC MGIT awtomatlaşdyrylan ulgamy bilen üpjün ediler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz