Daşary işler ministriniň başlyklyk etmeginde geçirilen bu maslahat Toparyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda strategik ugurlary kesgitlemäge gönükdirilendi. Bu Topar 17 sany döwlet edaradan milli ministri we Adam hukuklary boýunça BMG-niň ulgamyny öz içine alypdy.
BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary adam hukuklary pudagynda ýetilen sepgitler barada gürrüň berdi we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilelikdäki işiň ugurlaryny teklip etdi.
Birleşen milletler guramasy 2020-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň dört sany ileri tutulýan ugurlaryny teklip etdi. Olar döwlete şu aşakdakylar boýunça goldaw bermäge gönükdirilen: (1) hereketleriň milli meýilnamalaryny işläp düzmek, esasan hem, 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasy, 2021-2025-nji ýyllar üçin Gender deňligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasy, şeýle-de olaryň gözegçilik boýunça meýilnamalary we býujeti; (2) Ombudsmeniň edarasynyň mümkinçiliklerini ösdürmek; (3) ähli derejelerde işgärleriň bilim ulgamyny girizmek; (4) hukuk goraýjy mehanizmler, esasan hem ýörite tertipler bilen gatnaşyk hem-de ýurduň entek agza bolmadyk adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalaryna goşulmak.
“Hökümetiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini berk ýagdaýda ýerine ýetirýändigini nazara alyp, men Durnukly ösüş maksatlarynyň maksatlarynyň we wezipeleriniň 90%-nden gowragynyň adam hukuklary babatda borçlara deň gelýändigi barada belläsim gelýär. Durnukly ösüş maksatlary we adam hukuklary bir nyşanyň iki tarapy. Adam hukuklaryny üpjün etmekde we olary goramakda uly öňegidişlik bolmasa, Durnukly ösüş maksatlary babatda ýetilen sepgitler doly bolmaz” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, hanym Ýelena Panowa belledi.
BMG Hökümete, Türkmenistanyň Mejlisine we Ombudsmeniň edarasyna adam hukuklary, şol sanda milli kanunçylygy halkara ülňülere laýyk getirmek, ýurda adam hukuklaryny goraýjy mehanizmleriň öňünde hasabatlylyk boýunça ýardam bermek we bu mehanizmleriň berýän maslahatlaryna eýermek babatda köpden bäri goldaw berýär.