Bu meýilnamanyň esasy maksady bu ýokanç keseliň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek üçin ýurduň zerurlyklaryny kesgitlemek hem-de ýurtdaky jemgyýetçilik we ykdysady zeperini azaltmakdan ybaratdyr.
BMG-niň gulluklarynyň, Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Türkmenhowaýollarynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, metbugatyň we beýleki guramalaryň wekilleri bu taslamany ara alyp maslahatlaşdylar we onuň indiki tapgyrlary barada ylalaşdylar.
BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa öz çykyşynda:
“Meýilnama Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem beýleki hyzmatdaşlaryň arasynda COVID-19-a garşy taýýarlyk we jogap çäreleri boýunça hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini kesgitleýär. Bu resminama doly gutarnykly hasap edilmäni, ol gerek bolan ýagdaýynda yzygiderli täzelener” diýip, belledi.
Meýilnama adatdan daşary ýagdaýlarda öňde goýulýan maksatlary, strategiýalary we hereketleri kesgitleýär, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda çäreleriň utgaşdyrylmagyny we netijeliligini üpjün etmek üçin jogapkärçilik gurluşyny we jogapkärçiligiň paýlanyşyny beýan edýär. Şeýle hem bu meýilnamada ýurduň mümkinçiliklerine we taýýarlygyna baha bermek netijesinde COVID-19-a garşy göreşmek üçin geçirilmeli çäreler kesgitlenildi.