Press reliz

BMG Türkmenistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň Durnukly ösüş maksatlary barada bilim derejesini ýokarlandyrýar

07 mart 2017

  • Halkara Zenanlar güni mynasybetli BMG tarapyndan geçirilýän okuwlarda Türkmenistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalary Durnukly ösüş maksatlary baradaky bilimlerini ýokarlandyrdy we gender deňligi bilen baglanyşykly işleri barada maglumat alyşdy. 

Okuwyň temasy: “2030-njy ýyla çenli bütin dünýäde deňligi gazanmak: Durnukly ösüş maksatlarynyň gender deňligine degişli wezipeleri we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek işine hökümete degişli bolmadyk guramalaryň gatnaşmagy.” Hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalaryň, “Y-Peer” ýaşlar üçin özara bilim ulgamynyň we beýleki halkara guramalaryň 32 sany wekili Durnukly ösüş maksatlaryny öwrendi we öz işlerine degişli bolan maksatlary ýüze çykardy. Olaryň gatnaşygynyň gender deňligine hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine (GEWE) nähili derejede täsir edip biljekdigine esasy üns berildi.  

Gatnaşyjylar BMG-niň Baş Sekretarynyň Halkara Zenanlar güni mynasybetli iberen habary bilen tanyşdyryldy. Bu habarda “zenanlaryň hukuklarynyň adam hukuklary bolup durýandygy, şeýle-de zenanlaryň we gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň olaryň hukuklaryny goramagyň we özleriniň potensialyny doly derejede durmuşa geçirip bilmeginiň ýeke-täk usuly bolup durýandygy” bellendi. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz