Adam hukuklary baradaky maksatnamalar boýunça öňegidişlikleri ýüze çykarmak
17 iýul 2017
- Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy, Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy, Adam söwdasynyň garşysyna göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy kabul edildi.
Adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryň we Halkara ynsanperwer kanunynyň durmuşa geçirilişini üpjün etmek boýunça Iş topary BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we olara baha bermek ulgamyny işläp düzmegiň esaslaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Teklip edilen gözegçilik ediş we baha beriş ulgamyna pudagara utgaşdyrma we maglumaty ýygnamagyň gurallary, maglumat binýadynyň dolandyrylyşy, derňew işleri we maslahatlary ulanmak boýunça halkara ylalaşyklar boýunça edaralar degişli. Gatnaşyjylar ulgamyň teklip edilen ýörelgelerini gözden geçirdi we teklip edilen meýilnama barada öz garaýyşlaryny beýan etdi.
Ondan başga-da, gatnaşyjylar Adam hukuklary boýunça milli maksatnamalary we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin teklip edilen gözegçilik ediş we baha beriş ulgamlaryň utgaşdyrylyşyny we durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň netijesinde adam hukuklary we Durnukly ösüş maksatlary boýunça görkezijileriň derňewini geçirmek, degişli pudaklary ýüze çykarmak we iki sany gözegçilik ediş ulgamyny biri-biri bilen sazlaşdyrmak barada ylalaşyldy.